Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Isa ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, siz Hudaýyň buýruklaryndan ýüz döndermegiň oňat ýoluny tapypsyňyz!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Иса ене олара шейле дийди: «Өз адатларыңызы берҗай этмек үчин, сиз Худайың буйрукларындан йүз дөндермегиң оңат ёлуны тапыпсыңыз!

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 7:9
16 Iomraidhean Croise  

Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.


Reb şeýle diýýär: «Bu halk Maňa ýakynlaşyp, dili, dodaklary bilen Meni hormatlaýar, ýöne ýürekleri Menden uzakdadyr. Ynsan buýruklaryna görä Maňa ybadat edýärler olar.


Bu patyşa öz islänini eder. Ol özüni beýgeldip, her bir hudaýdan özüni ýokary tutar. Hatda hudaýlaryň Hudaýyna garşy küpür geplär. Hudaýyň gazaply döwri tamamlanýança, patyşanyň işi rowaçlanar, çünki kabul edilen karar ýerine ýetmelidir.


Ol Beýik Hudaýa garşy küpür geplär, Beýik Hudaýyň mukaddes adamlaryny ezer. Baýramçylyk senelerini we kanunyny üýtgetmäge dyrjaşar. Onsoň bular bir wagta, iki wagta, ýarym wagta çenli bu patyşanyň eline berler.


Şeýdip, siz nesilden-nesle galdyrýan adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň sözüni puja çykarýarsyňyz. Başga-da şuňa meňzeş köp zatlary edýärsiňiz».


Fariseýler bilen ähli ýahudylar ata-babalaryndan galan dessur boýunça ellerini oňat ýuwmazdan nahar iýmeýärdiler.


Şonuň üçin fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Isadan: «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalarymyzdan galan adata eýermeýärler? Näme üçin ellerini ýuwman nahar iýýärler?» diýip soradylar.


Onda näme? Iman arkaly Musanyň Kanunyny ýatyrýarysmy? Ýok! Tersine, biz ony berkarar edýäris.


Çünki kimdir biri gelip, biziň wagyz edenimizden başga Isany wagyz edende, siz oňa geçirimlilik edýäňiz-ä! Wah, siz kabul eden Mukaddes Ruhuňyzdan başga bir ruhy ýa-da başga «hoş habary» kabul etmäge-de taýýar ahyryn!


Men ýahudy deň-duşlarymyň köpüsinden ýahudylaryň dininde diýseň ilerläpdim. Ata-babalarymyzyň däp-dessurlaryny saklamakda hem juda yhlaslydym.


Men Hudaýyň merhemetini inkär etmeýärin. Çünki Mukaddes Kanuny berjaý etmek arkaly aklanyp bolýan bolsady, onda Mesihiň ölümi biderek bolardy».


Bu adam hudaý diýip atlandyrylýan ýa sežde edilýän zatlaryň baryna garşy çykyp, özüni olardan ýokary tutar. Ol hatda Hudaýyň ybadathanasynda oturyp, özüni Hudaý diýip yglan eder.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan