Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 7:4 - Mukaddes Kitap

4 Bazardan gelenlerinde-de, ýuwunman hiç zat iýmeýärdiler. Şeýle-de käse, gap-çanak, gazanlary tämizlemek ýaly dessurlary hem saklaýardylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Базардан геленлеринде-де, ювунман хич зат иймейәрдилер. Шейле-де кәсе, гап-чанак, газанлары тәмизлемек ялы дессурлары хем саклаярдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 7:4
15 Iomraidhean Croise  

Indi meniň ýeňişli başym meni gurşan duşmanlarymyň depesinden garaýar. Şadyýanlyk şowhunyny Onuň çadyrynda hödür ederin; Rebbe nagma aýdyp, owaz ederin.


Ýuwnuň, tämizleniň, pis işleriňizi terk ediň gözümiň alnyndan, ýamanlyk etmegi bes ediň.


Onsoň men Rekabyň kowumlarynyň öňünde şerapdan doly küýzeler bilen käseler goýup, olara: «Şerap içiň» diýdim.


Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz käsedir gap-çanagyň daşyny arassalaýarsyňyz, emma olaryň içi açgözlükden hem betnebislikden doludyr.


Eý, kör fariseý! Sen ilki bilen käsedir gap-çanagyň içini arassala, şonda olaryň daşy-da arassa bolar.


Pilat öz elinden hiç zat gelmeýändigini we galmagalyň bolsa barha artýandygyny görensoň, eline suw aldy-da, mähelläniň öňünde elini ýuwup: «Bu adamyň ganynyň dökülmeginde men ýazyksyz. Muňa siz jogapkärsiňiz!» diýdi.


Siz ynsan däp-dessurlaryna eýerip, Hudaýyň buýrugyny terk edýärsiňiz» diýdi.


Şol ýerde ýahudylaryň ýuwnup-päkizlenme dessury üçin uly göwrümlialty sany hum bardy.


Şol mahal Ýahýanyň şägirtleri bilen bir ýahudynyň arasynda ýuwnup-päkizlenme dessury barada jedel turdy.


Muňa diňe beden bilen bagly bolan iýip-içmek we dürli päkleniş parzlary girýär. Bularyň hemmesi täze düzgün ornaşdyrylýança ýerine ýetirilýärdi.


Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý, günäkärler, eliňizi günäden tämizläň. Eý, ikigöwünliler, kalbyňyzy päkläň.


Emma Hudaýyň nurda bolşy ýaly, biz hem nurda gezýän bolsak, onda biri-birimiz bilen ýakyn gatnaşygymyz bardyr. Onuň Ogly Isanyň gany bizi ähli günäden tämizleýändir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan