Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 7:34 - Mukaddes Kitap

34 Onsoň göge bakyp, uludan demini aldy-da: «Effata!», ýagny «Açyl» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

34 Онсоң гөге бакып, улудан демини алды-да: «Эффата!», ягны «Ачыл» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 7:34
21 Iomraidhean Croise  

Köp wagtyň geçmegi bilen Müsür patyşasy dünýäden ötdi. Ysraýyllar bolsa heniz hem gulçulykda ezilýändiklerinden nalap, kömek sorap perýat etdiler. Olaryň zulum astynda edýän ahy-nalasy Hudaýa baryp ýetdi.


Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz.


Isanyň ol adama ýüregi awady. Ol elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi.


Öýlän sagat üçde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lema sabaktani?», ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi.


Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kum!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa diýýärin: Tur!» diýmekdir.


Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, halka paýlar ýaly, şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady.


Ýaňky adamyň gulaklary şobada açylyp, dili dürs geplemäge başlady.


Ol hem ah çekip: «Näme üçin bu nesil alamat talap edýär? Size dogrusyny aýdýaryn, bu nesle hiç bir alamat görkeziljek däldir» diýdi.


Isa oňa: «Goý, gözleriň açylsyn! Imanyň saňa şypa berdi» diýdi.


Isa Iýerusalime golaýlanda, ony görüp aglady.


Onsoň Isa baryp, tabyda elini degirdi, ony göterip barýanlar saklandylar. Isa: «Eý, ýaş ýigit, saňa diýýärin, tur!» diýdi.


Merýemiň we onuň bilen bile gelen ýahudylaryň aglaýanyny görende, Isanyň kalbyny çuňňur gynanç gaplap, ýüregi gyýyldy.


Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy.


Şol wagt Isanyň ýüregi gyýym-gyýym bolup, mazaryň ýanyna bardy. Mazar bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar.


Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin.


Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: «Lazar, daşary çyk!» diýip gygyrdy.


Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini göge dikip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, pursat geldi. Ogluňy şöhratlandyr, Ogluň hem Seni şöhratlandyrsyn.


Petrus oňa: «Eneý, Isa Mesih saňa şypa berýär. Ýeriňden tur-da, ýorgan-düşegiňi ýygna!» diýdi. Ol hem şobada ýerinden turdy.


Petrus hemmäni daşary çykardy we dyza çöküp, Hudaýa doga etdi. Soňra ol jesede tarap öwrülip: «Tawita, tur!» diýdi. Aýal gözlerini açdy, Petrusy görüp, dik oturdy.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan