29 Isa oňa: «Bu sözüň üçin, bar, gidiber, arwah-jyn seniň gyzyňdan çykdy» diýdi.
29 Иса оңа: «Бу сөзүң үчин, бар, гидибер, арвах-җын сениң гызыңдан чыкды» дийди.
Öz elim ýaratdy bularyň baryn, hemmesi-de Meniňkidir! Ýöne Men kiçigöwünlä, ruhy synyga, sözüme titreýäne nazar salaryn». Muny Reb aýdýandyr.
«Ruhy garyplar bagtlydyr, çünki Gögüň Şalygy olaryňkydyr.
Aýal hem: «Hawa, Agam! Ýöne itler hem çagalaryň saçak başynda döken çörek owuntyklaryndan iýýändir» diýdi.
Aýal öýüne baranda, gyzynyň arwah-jyndan halas bolup, düşeginde ýatanyny gördi.
Günä edýän adam iblise degişlidir, sebäbi iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýändir. Emma Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin geldi.