Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 7:24 - Mukaddes Kitap

24 Isa ol ýerden çykyp, Sur şäheriniň töweregine gitdi. Ol bir öýe bardy we hiç kimiň bu barada bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 Иса ол ерден чыкып, Сур шәхериниң төверегине гитди. Ол бир өе барды ве хич кимиң бу барада билмегини ислемейәрди, йөне муны гизлин саклап билмеди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 7:24
19 Iomraidhean Croise  

Kengandan onuň nowbahar ogly Sidon, soňra Het doguldy. Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar.


Olaryň araçägi Sidondan Gerara hem-de Gaza çenli, Gazadan Sodoma, Gomora, Adma, Seboýyma we Laşa çenli baryp ýetdi.


Deňiz kenarynda mesgen tutar Zebulun, gämiler üçin duralga bolar onuň kenary, Sidona ýeter ýeriniň çäkleri.


Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».


Ol gygyrmaz, sesini gataltmaz, sesi köçelerde asla ýaňlanmaz.


«Eý, ynsan ogly! Sur hökümdaryna Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen ýürekde gedemlik edip: ‘Men hudaýdyryn, men deňizler ummanynda, hudaýlaryň tagtynda oturýaryn’ diýdiň; ýüregiňi hudaýlaryň ýüregi kimin tutsaň-da, sen hudaý dälsiň, ynsansyň.


«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Isa öýe girende, körler Onuň ýanyna geldiler. Isa olardan: «Meniň bu işi başarjagyma ynanýarsyňyzmy?» diýip sorady. Olar hem Oňa: «Hawa, Agam» diýip jogap berdiler.


Isa birnäçe günden soň Kapernauma gaýdyp gelende, Onuň öýdedigi baradaky habar ýaýrady.


Bu erbet zatlaryň ählisi içden çykyp, adamy murdar edýär» diýdi.


Kiçijik gyzyny arwah-jyn eýelän bir aýal Isa hakdaky habarlary eşiden badyna gelip, Onuň aýagyna ýykyldy.


Onsoň Isa Sur we Sidon etraplaryndan gaýdyp, Dekapolis sebitleriniň üsti bilen Jelile kölüne geldi.


Şonuň ýaly, oňat işleriňem käbirleri äşgär, käbirleri bolsa äşgär däldir. Ýöne äşgär dälleri hem iru-giç mälim bolýandyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan