Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 7:21 - Mukaddes Kitap

21-22 Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, azgynlyk, ogurlyk, ganhorlyk, zynahorlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, göriplik, sögünç, tekepbirlik we akmaklyk çykýar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21-22 Чүнки ичден, адамың йүрегинден эрбет пикирлер, азгынлык, огурлык, ганхорлык, зынахорлык, ачгөзлүк, яманлык, хиле, ахлаксызлык, гөриплик, сөгүнч, текепбирлик ве акмаклык чыкяр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 7:21
37 Iomraidhean Croise  

Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi.


Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin.


Kim haramdan tämizi çykaryp bilýär? Hiç kim!


Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler? Ynsandan doglan nädip päk bolup biler?


Dawudyň mezmury Ýa Reb, Seniň çadyryňda kim düşläp bilýär? Mukaddes dagyňda kim ýaşap bilýär?


dili bilen myjabat ýöňkemeýän, ýoldaşyna ýamanlygy etmeýän, ýakyny barada gybat etmeýän;


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Kirişli saz guralynda. Maskil. Zipliler gelip, Şawula: «Dawut biziň aramyzda gizlenýär» diýenlerinde, Dawudyň aýdan mezmury.


Eý, Hudaý, meni halas et Öz adyň bilen, meni akla Sen gudratyň bilen.


Reb tekepbirleriň öýüni ýykýandyr, dul hatynyň çägini bolsa goraýandyr.


Bar güýjüň bilen ýüregiňi gora, çünki ýaşaýşyň gözbaşy ýürekden gaýdýar.


Ýazykly bolduk, Rebbi ret etdik, Hudaýymyzdan ýüz öwürdik, sütemiň, pitnäniň gürrüňini etdik, kalbymyzdaky ýalan sözlerimizi sözledik.


Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.


Siz bolsa ata-babalaryňyzdan-da beter pislik etdiňiz. Maňa gulak asman, her biriňiz kesirlik bilen öz erbet niýetleriňiziň yzyna düşdüňiz.


Ynsan ýüregi ähli zatdan hilegärdir, halys ýoldan çykandyr. Oňa kim düşünip biler?


Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde?


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün seniň aňyňa köp pikirler geler, dildüwşük gurarsyň.


Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr.


Emma Isa olaryň pikirlerini bilip: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz?


Ol ýene: «Adamy murdar edýän onuň öz içinden çykýan zatlardyr.


Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.


Ol satylanda-satylmanda hem öz emlägiňdi ahyry. Ony satanyňdan soňam puluny öz isleýşiň ýaly ulanyp bilerdiň. Nädip beýle zady edip bildiň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň».


Indi toba edip, bu ýaman niýetiňden el çek-de, Rebbe ýalbar, belki, ýüregiňdäki bu niýetiňi bagyşlar.


Biz ynsan tebigatymyza görä ýaşaýarkak, bu Kanun biziň beden agzalarymyzda günäli höwesleri oýarýardy. Bu höwesler bizi günäli işlere imrindirip, ölüme eltýärdi.


Günä bolsa bu buýrukdan öz bähbidini arap, meni her tüýsli açgözlüge imrindirdi. Kanunyň bolmadyk ýerinde günä ölüdir.


Şonuň üçin hem dünýewi tebigatyňyza mahsus bolan azgynlygy, ahlaksyzlygy, haram keýpi, pis höwesleri we butparazlyk bilen deň hasaplanýan açgözlügi öldüriň.


Birwagtlar biz hem aň-düşünjesiz, boýnuýogyn bolup, ýoldan azaşypdyk, dürli höwesleriň, keýpi-sapanyň gullaryna öwrülipdik, gaharjaňdyk, göripdik we birek-biregi ýigrenýärdik.


bu siziň tarapgöýlik etdigiňiz bolmazmy? Eger şeýle etseňiz, erbet pikirli kazylara meňzärsiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan