Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 7:18 - Mukaddes Kitap

18 Isa olara: «Eýsem, siz hem düşüneňzokmy? Adamyň içine giren hiç bir zadyň ony murdar etmeýändigini bilmeýärsiňizmi?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 Иса олара: «Эйсем, сиз хем дүшүнеңзокмы? Адамың ичине гирен хич бир задың оны мурдар этмейәндигини билмейәрсиңизми?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 7:18
12 Iomraidhean Croise  

Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, adamy agyzdan çykýan zat murdar edýändir» diýdi.


Siz nädip çörek barada gürrüň etmeýändigime düşüneňzok? Men size: „Özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň“ diýýärin».


Isa olara şeýle diýdi: «Siz bu tymsala düşünmeýärsiňizmi? Onda başga tymsallara nähili düşünjeksiňiz?


Ol mähelläniň ýanyndan aýrylyp, öýe girende, şägirtleri Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar.


Bular adamyň ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de daşary çykýar» diýip jogap berdi. Şeýle diýmek bilen, Isa ähli iýmitleriň tämizdigini yglan etdi.


Isa olara: «Wah, siz akmaklar! Pygamberleriň aýdanlaryna giç ynanýanlar!


Isa oňa şeýle jogap berdi: «Sen Ysraýylyň mugallymy bolubam, bulary bileňokmy?!


Size gaty-guty bermedim, süýt berdim. Sebäbi siz gaty-gutyny iýmäge heniz taýyn däldiňiz. Şindi hem taýyn dälsiňiz.


Bu barada aýtjak gürrüňimiz köp, emma eşitmäge islegiňiziň ýokdugy sebäpli, muny size düşündirmek kyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan