Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 6:6 - Mukaddes Kitap

6 Isa olaryň imansyzdygyna geň galdy. Şondan soň Isa töwerekdäki obalara aýlanyp wagyz etdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Иса оларың имансыздыгына гең галды. Шондан соң Иса төверекдәки обалара айланып вагыз этди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 6:6
12 Iomraidhean Croise  

Reb hiç kimiň ýokdugyny gördi, araçynyň ýokdugyna geň galdy; Öz goly ýeňiş getirdi Oňa, Öz dogrulygy goldady Ony.


Öz hudaýlaryny çalşan millet barmy? Ýogsam olaryň hudaýlary Hudaýam däl. Emma Meniň halkym öz şöhratly Hudaýyny çalyşdy biderek zada.


Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.


Isa bu sözleri eşidip haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýänlere: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem şeýle imany bar adamy tapmadym.


Isa şäherlerdir obalaryň baryny aýlanyp, ol ýerdäki sinagogalarda sapak berýärdi. Şalyk hakdaky Hoş Habary wagyz edip, her hili kesellere we dertlere şypa berýärdi.


Şeýlelikde, Isa olaryň sinagogalarynda wagyz edip, arwah-jynlary kowup çykaryp, tutuş Jeliläniň içine aýlandy.


Isa ol ýerden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. Onuň daşyna ýene-de bir topar mähelle üýşdi we Ol ýene-de hemişeki ýaly olara öwretmäge durdy.


Isa Iýerusalime tarap gidip barşyna, şäherleriň, obalaryň içinden geçip, adamlara öwredýärdi.


Onsoň Isa Jeliläniň Kapernaum şäherine gelip, Sabat güni halka öwretmäge başlady.


Şeýdip, Ol Ýahudyýanyň sinagogalarynda wagyz etmegini dowam etdirdi.


Ýaňky adam olara şeýle jogap berdi: «Haýran galaýmaly! Siz Onuň niredendigini-de bilmeýärsiňiz, Ol bolsa meniň gözlerimi açdy.


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan