Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, halka paýlar ýaly, şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady.
Ol sizi Özüne boýun egdirip aç goýdy we siziň hem, ata-babalaryňyzyň hem görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi naharlady. Ol muny ynsanyň diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem, Rebbiň agzyndan çykýan her bir sözi bilen hem ýaşap biljekdigine düşünsin diýip etdi.