Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 6:41 - Mukaddes Kitap

41 Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, halka paýlar ýaly, şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

41 Иса бәш чөрек билен ики балыгы алып, гөзлерини гөге дикип шүкүр этди ве чөреклери бөлүшдирип, халка пайлар ялы, шәгиртлерине берди. Ики балыгы-да оларың хеммесине пайлады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 6:41
22 Iomraidhean Croise  

Şonda Isa halka otuň üstünde oturmagy buýurdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip, şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtleri hem olary mähellä paýladylar.


Ýedi çörek bilen balyklary alyp, şükür edeninden soň, olary bölüşdirip, şägirtlerine berdi, şägirtleri hem olary mähellä paýladylar.


Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, iýiň, bu Meniň bedenimdir» diýdi.


Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi.


Şeýlelikde, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar.


Hemmeler iýip doýdular.


Onsoň göge bakyp, uludan demini aldy-da: «Effata!», ýagny «Açyl» diýdi.


Men bäş çöregi bäş müň adama bölüp paýlanymda, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» diýip sorady. Olar: «On iki» diýip jogap berdiler.


Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi.


Isa bolsa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi. Soňra bulary halka paýlar ýaly bölüşdirip şägirtlerine berdi.


Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin.


Bu zatlary aýdansoň, Isa gözlerini göge dikip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, pursat geldi. Ogluňy şöhratlandyr, Ogluň hem Seni şöhratlandyrsyn.


Isa çörekleri alyp, şükür etdi, soňra olary oturanlara paýlady. Balyklary hem şeýtdi, näçe isleseler, olara paýlady. Adamlar doýýançalar iýdiler.


Şol wagt Tiberiýadan başga gaýyklar geldi. Gaýyklaryň saklanan ýeri Reb Isanyň Hudaýa şükür aýdan we halkyň çörek iýen ýerine golaýdy.


Pawlus bu sözleri aýdyp, eline çörek aldy, hemmäniň öňünde Hudaýa şükür etdi-de, bölüp iýmäge başlady.


Kim haýsydyr bir güni wajyp saýýan bolsa, muny Reb üçin saýýandyr. Kim hemme zady iýýän bolsa, Reb üçin iýýändir, sebäbi ol iýýän zatlary üçin Hudaýa şükür edýändir. Kim käbir zatlary iýmeýän bolsa, Rebbiň hatyrasy üçin iýmän, Hudaýa şükür edýändir.


Şunlukda, iýseňiz-de, içseňiz-de, her näme etseňiz-de – bularyň baryny Hudaýyň şöhraty üçin ediň.


Siz iýip-içip doýanyňyzdan soň, özüňize gowy ýurt bereni üçin Hudaýyňyz Rebbe alkyş aýdarsyňyz.


Näme etseňiz hem, aýtsaňyz hem, hemmesini Rebbimiz Isanyň ady bilen ýerine ýetiriň, Ol arkaly Ata Hudaýa şükür ediň.


Nahar iýmek üçin, seždegähe çykmanka, edil gala giren ýeriňizde siz ony tapyp bilersiňiz. Çünki ol baryp, tä gurbanlyga pata berýänçä, adamlar nahar iýmezler. Ol barandan soň, çagyrylanlar nahary öňlerine alarlar. Indi haýal etmän ýokary çyksaňyz, siz ony taparsyňyz».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan