39 Şonda olara hemme adamlary topar-topar edip, otuň üstünde oturtmagy buýurdy.
39 Шонда олара хемме адамлары топар-топар эдип, отуң үстүнде отуртмагы буюрды.
Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy.
Isa olardan: «Baryň, görüň, näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Görenlerinden soň olar: «Bäş çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler.
Şeýlelikde, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar.
Ol ýerde bäş müňe golaý erkekler bardy. Emma Isa şägirtlerine: «Olary elli-elliden topar-topar edip oturdyň» diýip tabşyrdy.
Isa: «Halky oturdyň» diýdi. Halk şol ýerdäki gök ýaýlada oturdy. Ol ýerde bäş müňe golaý erkek adam bardy.
Çünki Hudaý bidüzgünçiligiň däl-de, parahatlygyň Hudaýydyr. Hudaýyň halkynyň ýygnaklarynyň ählisinde bolşy ýaly,
Emma hemme zat mynasyp tärde we tertip bilen bolsun.