Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 6:34 - Mukaddes Kitap

34 Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

34 Иса гайыкдан дүшенде, улы мәхелләни гөрүп, олара хайпы гелди, себәби олар чопансыз гоюнлар ялыды. Шонуң үчин олара көп затлары өвретмәге башлады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 6:34
19 Iomraidhean Croise  

Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“ diýdi».


Onsoň Mikaýa: «Men bütin ysraýyllary daglardaky çopansyz goýun sürüsi kimin dagynyk halda gördüm. Reb şeýle diýýär: „Bularyň baştutany ýok, olaryň hersi sag-salamat öýüne gaýtsyn“» diýdi.


Kowalanýan jeren kimin, çopansyz goýunlar kimin, her kes öz halkyna, her kişi öz ýurduna gaçar.


Meniň halkym ýiten goýundyr, olary çopanlary azaşdyrdylar, daglarda entetdiler, olar dagdan daga çykyp, öz agyllaryny unutdylar.


Çopanyň ýokdugy sebäpli olar dargadyldy; olar dargadylanda, ýyrtyjy haýwanlara şam boldular.


Butlar bimany gepleýärler, palçylar ýalan sözleýärler, galp düýşleri ýorýarlar, soňy boş göwünlik berýärler. Şol sebäpden goýun ýaly ygyp ýörler, çopansyzdyklary üçin ejir çekýärler.


Ol bellenen adam söweşde baştutan bolup, halkyň öňüne düşsün, goý, Rebbiň jemagaty çopansyz süri ýaly bolmasyn» diýdi.


Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy.


Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp: «Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok. Olary öýlerine aç goýberesim gelenok, ýolda tapdan düşmekleri ahmal» diýdi.


Isa uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýaly dagynyk we tapdan düşendiler.


Gidip barýarkalar, halaýyk olary görüp tanady. Şonda ähli şäherlerden adamlar pyýada ýola düşdüler we haýdaşyp, ol ýere olardan öň bardylar.


Wagt gijigenden soň, şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi.


Şol günler ýene bir uly mähelle ýygnandy. Olaryň iýmäge hiç zatlary bolmansoň, Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara:


«Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok.


Emma mähelle muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Şalygy hakda gürrüň berdi we şypa mätäç adamlary sagaltdy.


Şonuň üçin Ol her jähtden biz doganlaryna meňzemeli boldy. Şeýdip, Ol halkyň günälerini päkleýändir we Hudaýyň hyzmatynda rehimdar hem sadyk Baş Ruhanydyr.


Baş Ruhanymyz asla günä etmedik hem bolsa, edil biz ýaly ähli tarapdan synaglara salnypdy. Şonuň üçin hem Ol biziň ejizliklerimize düşünýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan