Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 6:3 - Mukaddes Kitap

3 Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose, Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Ол Меръемиң нечҗар оглы дәлми? Ёгса-да Ол Якуп, Ёсе, Яхуда ве Симун дагың доганы дәлми нәме? Онуң уялары-да бизиң арамызда яшаярлар ахыры!» дийшип, Исаның болшундан нәгиле болдулар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 6:3
21 Iomraidhean Croise  

Ynsanyň kemsidýänine, halkyň ýigrenýänine, hökümdarlaryň guluna Ysraýylyň Penakäri, onuň Mukaddesi Reb şeýle diýýär: «Patyşalar seni görüp, aýaga galarlar, hökümdarlar iki bükülip tagzym ederler, Ysraýylyň Mukaddesi, seni saýlan Reb sadykdyr».


Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr» diýip jogap berdi.


Isa halka gürrüň berip durka, ejesi bilen inileri geldi. Olar Isa bilen gepleşjek bolup, daşarda garaşyp durdular.


Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady.


onsoň Andrys, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun


Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar.


Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr!» diýip jogap berdi.


Oňa: «Ejeň bilen doganlaryň Seni görmek üçin daşarda garaşyp durlar» diýip habar berdiler.


Şonda Iskariýot däl-de, beýleki Ýudas Isadan: «Eý, Agam, näme üçin Sen Özüňi dünýä däl-de, bize aýan etmek isleýärsiň?» diýip sorady.


Olar: «Bu Ýusubyň ogly Isa dälmi? Biz Onuň ata-enesini tanaýarys. Ol nähili „Men gökden indim“ diýýär?» diýişdiler.


Şähere girenlerinden soň, olar öz bolýan öýleriniň ýokarky gatyndaky otagyna çykdylar. Petrus, Ýohanna, Ýakup, Andrys, Filip, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubyň ogly Ýudas dagy hem şol ýerdediler.


Petrus olara eli bilen ýuwaş bolmaklaryny yşarat etdi. Onsoň Rebbiň özüni zyndandan nähili azat edendigini olara gürrüň berdi. Soňra: «Muny Ýakuba we beýleki doganlara habar beriň» diýdi-de, başga ýere çykyp gitdi.


Biz bolsa haça çüýlenen Isa Mesihi wagyz edýäris. Mesih ýahudylar üçin büdreme daşydyr, ýahudy däller üçin bolsa akmaklykdyr.


Eýsem biziň iýip-içmäge hakymyz ýokmy?


Şonda men ol ýerde Rebbimiz Isanyň inisi Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.


Siz ynsanlar tarapyndan ret edilen, emma Hudaýyň nazarynda saýlanan we gymmatly saýylan diri Daşa, ýagny Isa Mesihe ýakynlaşýarsyňyz.


Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan