Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 6:2 - Mukaddes Kitap

2 Sabat güni Isa sinagogada halka öwretmäge başlady. Onuň aýdýan zatlaryny eşiden köp adamlar haýran galyp: «Bu Adam munça zady nireden öwrendikä? Oňa beýle danalygy kim berdikä? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Сабат гүни Иса синагогада халка өвретмәге башлады. Онуң айдян затларыны эшиден көп адамлар хайран галып: «Бу Адам мунча зады ниреден өврендикә? Оңа бейле даналыгы ким бердикә? Ол нәдип бейле мугҗызалары гөркезмеги башарярка?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 6:2
11 Iomraidhean Croise  

Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.


Isa bulary gürrüň berip gutaranda, mähelle Onuň taglymatyna haýran galdy,


Şeýlelikde, Isa olaryň sinagogalarynda wagyz edip, arwah-jynlary kowup çykaryp, tutuş Jeliläniň içine aýlandy.


Isa ol ýerden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. Onuň daşyna ýene-de bir topar mähelle üýşdi we Ol ýene-de hemişeki ýaly olara öwretmäge durdy.


Isany diňleýänleriň bary Onuň paýhasyna, berýän jogaplaryna haýran galýardylar.


Ol ýahudylaryň sinagogalarynda halka öwretmäge başlady, hemmeler Oňa öwgi aýdýardylar.


Olar: «Bu Ýusubyň ogly Isa dälmi? Biz Onuň ata-enesini tanaýarys. Ol nähili „Men gökden indim“ diýýär?» diýişdiler.


Ýahudylar haýran galyp: «Bu adam hiç ýerde okamadyk bolsa-da, Mukaddes Ýazgylary nireden bilýärkä?» diýişýärdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan