Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 6:15 - Mukaddes Kitap

15 Beýlekiler bolsa: «Bu – Ylýas», käbirleri-de: «Bu öňki pygamberleriň biri ýaly pygamberdir» diýişýärdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Бейлекилер болса: «Бу – Ыляс», кәбирлери-де: «Бу өңки пыгамберлериң бири ялы пыгамбердир» дийишйәрдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 6:15
19 Iomraidhean Croise  

Ine, Men-Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden öň, Özüm size Ylýas pygamberi ibererin.


Şägirtleri Oňa: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri Ýermeýa, käbirleri-de pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler.


Mähelle hem olara: «Bu Jeliläniň Nasyra şäherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi.


Hirod bulary eşidip: «Meniň başyny çapdyran Ýahýam direlipdir!» diýdi.


Şägirtleri: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri-de – pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler.


Ol atalary ogullary bilen ýaraşdyrmak, boýun egmezekleri dogrularyň düşünjesine gönükdirmek üçin, Ylýasyň ruhundan we gudratyndan dolar, Reb Isa Mesihiň öňünden ýörär. Ol Rebbiň göwnünden turjak halky taýýarlar».


Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Isany çagyran fariseý muny görüp: «Eger bu adam pygamber bolýan bolsa, Özüni elleýän aýalyň kimdigini, nähilidigini bilerdi. Bu aýal günäkär ahyryn» diýip, içini gepletdi.


Olar: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birileri bolsa gadymy pygamberlerden biri direlipdir diýýär» diýip jogap berdiler.


Käbirleri: «Ylýas peýda bolupdyr!», başga birileri hem: «Gadymy pygamberleriň biri direlipdir!» diýişýärdiler.


Olar ondan: «Onda sen kim? Belki, Ylýassyň?» diýip soradylar. Ýahýa: «Ýok» diýip jogap berdi. Olar ýene-de: «Onda şol garaşylýan pygambermiň?» diýip soradylar. Ol: «Ýok, ol däl» diýip jogap berdi.


Isanyň bu gudratly alamatyny gören adamlar: «Hakykatdan-da, dünýä gelmeli pygamber Şudur» diýdiler.


Mähelläniň içinden käbirleri bu sözi eşidip: «Bu hakykatdan hem şol geljek pygamberdir» diýdiler.


Olar ýene-de körden: «Gözüňi açan şol Adam barada näme diýýärsiň?» diýip soradylar. Ol hem: «Ol bir pygamber» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan