Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 6:14 - Mukaddes Kitap

14 Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Болуп гечйән затлары Хирод патыша-да эшитди, себәби Исаның ат-овазасы ил арасына яйрапды. Кәбир адамлар: «Яхя чүмдүриҗи өлүмден дирелипдир. Ол шол себәпли бу мугҗызалары гөркезип билйәр» диййәрдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 6:14
16 Iomraidhean Croise  

Uzyýa diňleriň we diwar burçlarynyň üstünden oklar we uly daşlar atmaga ukyply adamlar tarapyndan oýlanyp tapylan desgalary Iýerusalimde goýdy. Onuň şan-şöhraty uzaklara ýaýrady. Oňa uly ýardam edilip, ol juda güýçlendi.


Ammonlylar Uzyýa salgyt tölediler. Uzyýa has güýçlenip, şan-şöhraty Müsüriň çäklerine çenli ýaýrady.


Emma olar çykan batlaryna, Isanyň at-owazasyny tutuş etraba ýaýratdylar.


Şeýlelikde, Isa hakyndaky habar şobada Jeliläniň ähli etrabyna ýaýrady.


Emma ol adam gidip, bolan zatlary ýetişibildigine gürrüň bermäge we ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin Isa indi hiç bir şähere arkaýyn girip bilmän, olardan daşda, çola ýerlerde bolýardy. Emma hemme ýerden Onuň ýanyna adamlar gelýärdiler.


Şägirtleri: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri-de – pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler.


Şol wagt käbir fariseýler gelip, Isa: «Bu ýerden çykyp, başga ýere git. Hirod Seni öldürmek isleýär» diýdiler.


Rim imperatory Tibereýiň hökümdarlygynyň on bäşinji ýylynda, Pontiý Pilat Ýahudyýanyň häkimi döwründe Hirod – Jeliläni, onuň dogany Filip – Itureýa bilen Trahonitis welaýatyny, Lisaniýas-da Abilini dolandyrýardy.


Isa baradaky bu habar tutuş Ýahudyýa we daş-töwerekdäki etraplara ýaýrady.


Olar: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birileri bolsa gadymy pygamberlerden biri direlipdir diýýär» diýip jogap berdiler.


Rebbiň Hoş Habary sizden ähli ýere, hatda Makedoniýa bilen Ahaýadan uzak ýerlere hem ýaň saldy. Siziň Hudaýa bolan imanyňyz baradaky gürrüň ähli ýere ýaýrady. Bize ol barada aýdara-da zat galmady.


Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan