6 Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Onuň öňünde dyzyna çöküp, tagzym etdi.
6 Ол Исаны узакдан гөрүп, ылгап гелди-де, Онуң өңүнде дызына чөкүп, тагзым этди.
Şonda Seniň ýoluňy bilerler ýeriň ýüzünde, halas ediş güýjüňi – ähli milletlerde.
Olaryň agyzlary göklere hüjüm eýleýär, dilleri bolsa ýerde boş zatlary ýaňraýar.
Ol gije-gündiz gonamçylykda, daglarda üznüksiz gygyryp, özüni daş bilen ýaralar ýörerdi.
Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi.
Köpüsinden arwah-jynlar: «Sen Hudaýyň Oglusyň!» diýip gygyryşyp çykýardy. Emma Isa olara käýäp, geplemeklerine ýol bermeýärdi, sebäbi olar Onuň Mesihdigini bilýärdiler.
Ol Pawlusyň we biziň yzymyza düşüp: «Bu adamlar Beýik Hudaýyň gullarydyr. Olar size halas bolmagyň ýoluny wagyz edýärler» diýip gygyrýardy.
Sen Hudaýyň ýeke-täkdigine ynanýarsyň. Gowy edýärsiň! Muňa hatda arwah-jynlar hem ynanýarlar we galpyldaýarlar.