Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 5:43 - Mukaddes Kitap

43 Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar bermeklerini buýurdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

43 Иса олара муны хич киме билдирмезлиги берк табшырып, гыза нахар бермеклерини буюрды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 5:43
15 Iomraidhean Croise  

Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, gören zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy.


Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.


şobada olaryň gözleri açyldy. Isa: «Ägä boluň, muny hiç kim bilmesin» diýip, olara berk tabşyrdy.


Isa ony ugradanda, oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip, berk tabşyryk berdi.


Emma Ol Özüniň kimdigini hiç kime aýtmazlygy berk tabşyrdy.


Gyz dessine ýerinden galyp ýöräp başlady. Ol on iki ýaşyndady. Muny görenleriň ählisi gaty geň galdy.


Isa muny görenlere bu barada hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy. Emma Ol näçe köp tabşyrsa, olar bu habary şonça-da köp ýaýratdylar.


Onsoň dagdan inip gelýärkäler, Isa olara Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, bu gören zatlaryny hiç kime aýtmazlygy buýurdy.


Isa olar bilen saçak başynda otyrka, çörek alyp, şükür etdi-de, bölüp olara berdi.


Soňra Isa oňa: «Muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýip buýurdy.


Gyzyň ene-atasy haýran galdy. Isa bolsa olara bolup geçen hadysany hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.


Men ynsanlardan öwgi agtarmaýaryn.


Ol Isany hemmelere däl-de, diňe bize görner ýaly etdi. Sebäbi Hudaý bizi Isa hakda şaýatlyk etmegimiz üçin saýlady. Ol direlenden soň, biz Onuň bilen bile naharlandyk.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan