Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 5:40 - Mukaddes Kitap

40 Olar bolsa Onuň üstünden güldüler. Emma Isa hemmäni daşarda goýup, diňe çaganyň ene-atasyny we Özi bilen gelenleri alyp, onuň ýatan otagyna bardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

40 Олар болса Онуң үстүнден гүлдүлер. Эмма Иса хеммәни дашарда гоюп, диңе чаганың эне-атасыны ве Өзи билен геленлери алып, онуң ятан отагына барды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 5:40
14 Iomraidhean Croise  

Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler.


Şeýdip, ol içeri girip, gapyny ýapdy-da, Rebbiň adyna dileg etdi.


Emma horonly Sanballat, ammon emeldary Tobyýa we Geşem arap dagy muny eşidenlerinde, bizi äsgermezlik edip, biziň üstümizden gülüp: «Bu etjek bolýan zadyňyz näme? Patyşanyň garşysyna pitne turuzmakçy bolýarmysyňyz?» diýdiler.


Öz dostlaryma gülki boldum! Hudaýy çagyrdym, Ol-da maňa jogap berdi, dogruçyl, päk bolsam-da, men ile gülki!


Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, adamy agyzdan çykýan zat murdar edýändir» diýdi.


Mukaddes zady itlere bermäň. Dürleriňizi doňuzlaryň öňüne taşlamaň. Ýogsam olary aýaklary bilen depeläp, soňra özüňizi parçalaýmasynlar.


Içeri girip, olara: «Näme üçin dady-perýat edip, aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölenok, ol diňe uklap ýatyr» diýdi.


Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kum!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa diýýärin: Tur!» diýmekdir.


Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isany masgara etmäge başladylar.


Olar Pawlusyň ölümden direliş baradaky wagzyny eşidenlerinde, käbirleri ony masgara etdi, käbirleri bolsa: «Bu hakda seni ýene diňläris» diýdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan