Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 5:34 - Mukaddes Kitap

34 Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden saplan» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

34 Иса оңа: «Эй, начар, иманың саңа шыпа берди. Саг-аман гит, дердиңден саплан» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 5:34
19 Iomraidhean Croise  

Elýaşa pygamber: «Arkaýyn gidiber» diýip, Nagamany ugratdy. Nagaman Elýaşanyň ýanyndan gaýdyp, biraz ýol geçipdi.


Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.


Öý suwalandan soňra ruhany gelip, öýi gözden geçirsin. Eger öýe zeň ýaýramadyk bolsa, ruhany öýi tämiz diýip yglan etsin, çünki bu zeňiň doly aýryldygydyr.


Birnäçe adam Onuň ýanyna düşekde ýatan bir ysmazy getirdi. Isa olaryň imanyny görende, ysmaza: «Oglum, dogumly bol, seniň günäleriň ötüldi» diýdi.


Isa öwrülip, ony gördi-de: «Eý, naçar, dogumly bol, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol pursadyň özünde sagaldy.


Isa hem oňa: «Bar, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Şobada bu adamyň gözleri açyldy. Onsoň ol hem Isanyň yzyna düşüp gidiberdi.


Isa ençeme adama şypa berdi, şonuň üçin hemme hassalar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler.


Şol wagtyň özünde onuň gan akmasy kesildi. Aýal derdinden saplanandygyny bedeninde duýdy.


Özüne näme bolandygyny bilenden soň, ýaňky aýal gorkup, titräp geldi. Isanyň aýagyna ýykylyp, Oňa ähli hakykaty aýdyp berdi.


Onsoň oňa: «Tur, gidiber, imanyň seni halas etdi» diýdi.


Isa oňa: «Goý, gözleriň açylsyn! Imanyň saňa şypa berdi» diýdi.


Isa bolsa aýala: «Seni imanyň halas etdi, arkaýyn gidiber» diýdi.


Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Arkaýyn gidiber» diýdi.


Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňläp otyrdy. Pawlus hem oňa dikanlap seredip, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny gördi.


Birnäçe wagt ol ýerde bolanlaryndan soňra, doganlar olary resullaryň ýanyna sag-salamat ugradyp goýberdiler.


Zyndanyň baş gözegçisi hem bu habary Pawlusa ýetirip: «Häkimler size gidiberiň diýip habar ýollapdyrlar. Indi siz gidip bilersiňiz. Sag-aman baryň» diýdi.


siz oňa iýmit, geýim bermän, diňe: «Sag-aman bar, daşyňyň ýylap, garnyňyň doýmagyny dileýärin» diýseňiz, bu sözüňiz oňa nämä derkar?


Eliý oňa: «Bar, arkaýyn öýüňe gaýdyber, goý, Ysraýyl Hudaýy dilegiňi kabul etsin» diýdi.


Soňra Ýonatan Dawuda: «„Özümize hem-de neslimize Reb ebedilik şaýat bolsun“ diýip, ikimiz hem Rebden äht edişdik ahyryn. Bar, indi sen arkaýyn gidiber» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan