17 Onsoň halk özleriniň ýurdundan gitmegi üçin, Isa ýalbarmaga başlady.
17 Онсоң халк өзлериниң юрдундан гитмеги үчин, Иса ялбармага башлады.
Onsoň Abymelek Yshaga: «Bu ýerden git, çünki sen bizden zor çykdyň» diýdi.
Onsoň ol aýal Ylýasa: «Eý, Hudaýyň adamy, meniň bilen näme işiň bar? Sen maňa günämi ýatladyp, meniň oglumy öldürmäge geldiňmi?» diýdi.
Onsoň şäheriň tutuş ilaty Isa bilen duşuşmaga geldi. Ony görenlerinde, özleriniň şäherinden gitmegini sorap, Isa ýalbardylar.
«Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.
Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi.
Simun Petrus muny görende, Isanyň aýagyna ýykylyp: «Eý, Agam! Meniň ýanymdan aýryl, men bir günäli adam!» diýdi.
Onsoň ähli gerasalylar we şol sebitiň ilaty Isadan öz ýanlaryndan gitmegini haýyş etdiler, sebäbi olary uly gorky gaplap alypdy. Isa hem gaýyga münüp, yzyna gaýtdy.
Häkimler gelip, olardan ötünç soradylar we zyndandan alyp çykdylar. Soňra olara şäherden gitmeklerini haýyş etdiler.
Näme üçin biz bu gün ölmeli? Çünki bu beýik ot bizi ýandyrar. Emma Hudaýymyz Rebbiň sesini mundan artyk eşitsek biz öleris.