Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 4:39 - Mukaddes Kitap

39 Isa turup, ýele käýedi, Ol köle: «Sem bol! Bes et!» diýdi. Şonda ýel ýatdy we doly asudalyk boldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

39 Иса туруп, еле кәеди, Ол көле: «Сем бол! Бес эт!» дийди. Шонда ел ятды ве долы асудалык болды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 4:39
21 Iomraidhean Croise  

Deňze: „Şu ýere çenli akyp, mundan aňryk geçmersiň, güýçli tolkunlaryň şu ýerde togtasyn!“ diýdim.


eý, ot we doly, gar we duman, Onuň sözüni berjaý edýän tupan ýelleri,


Diýdim «Men ölüp, inemde gabra, munuň peýdasy bolarmy Saňa? Toprak Saňa öwgi aýdyp bilermi? Seniň wepalylygyňy beýan edermi?»


Ol kuwwaty arkaly höküm sürýär ebedi, milletlere garaýar Onuň gözleri; goý, pitneçiler baş galdyrmasyn. Sela


Ähli günlerimiz gazabyňyň astynda geçýär, ýyllarymyz bir dem kimin soňlanyp barýar.


Sen eliňdäki hasaňy uzat-da, deňziň suwuna ur. Deňziň suwy ikä bölüner we ysraýyllar şol gury ýer bilen ýöräp, deňizden geçerler.


Ysraýyllar hem deňziň ortasyndaky şol gury ýer bilen geçdiler, suw sag tarapdan we çep tarapdan olara diwar bolup durdy.


suwlar buýrugymdan çykmasyn diýip, deňze çäk çeken mahaly, Ýeriň binýadyny tutan mahaly,


Menden gorkmarsyňyzmy? Muny Reb aýdýandyr. Huzurymda titreşmersiňizmi? Men çägäni deňze araçäk etdim, bu ebedilik araçäk bolar, hiç haçan bozulmaz. Tolkunlar daşsa-da, üstün çykmaz, güwwüldese-de, ondan aşmaz».


Çünki Taňry hiç wagt ömürlik terk etmez.


Ol buýrugy bilen deňizleri guradýar, bütin derýalary takyradýar, Başan we Karmel daglary solýar, Liwanyň gülleri solýar.


Isa olara: «Nämä gorkýarsyňyz, eý, imany azlar?!» diýdi. Soňra Ol ýerinden turup, ýele we köle käýedi welin, ol ýere doly ümsümlik aralaşdy.


Isa bolsa gaýygyň yzky tarapynda bir ýassygy ýassanyp, uklap ýatyrdy. Şägirtler Ony oýaryp: «Mugallym, biz heläk bolýas! Bu Seniň perwaýyňa-da dälmi?» diýdiler.


Isa mähelläniň ylgaşyp gelýänini görende, arwah-jyna käýäp: «Eý, kerlik hem lallyk ruhy! Saňa buýurýaryn, oglanyň içinden çyk, oňa gaýdyp girme!» diýdi.


Isa arwah-jyna käýäp: «Sem bol! Bu adamdan çyk!» diýip buýruk berdi. Şonda arwah-jyn ol adamy hemmeleriň öňünde ýere ýykdy-da, hiç zyýan ýetirmän, ondan çykdy.


Isa onuň başujunda durup, gyzzyrma käýedi welin, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Ol aýal dessine ýerinden turdy-da, olara hyzmat etmäge başlady.


Şägirtler baryp, Isany oýaryp: «Halypa! Halypa, biz heläk bolup barýarys!» diýdiler. Isa turup, ýele hem möwç alýan tolkunlara käýedi. Tupan ýatyp, doly imisalalyk aralaşdy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan