Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 4:31 - Mukaddes Kitap

31-32 Hudaýyň Şalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Bu tohum ýer ýüzünde ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolup, ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Ol şeýle uly şahalar çykarýar welin, guşlar kölegesinde höwürtgeläp bilýärler» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

31-32 Худайың Шалыгы горчица тохумы ялыдыр. Бу тохум ер йүзүнде экилйән әхли тохумларың иң майдасы болуп, экиленден соң өсүп, әхли өсүмликлерден белент боляр. Ол шейле улы шахалар чыкаряр велин, гушлар көлегесинде хөвүртгеләп билйәрлер» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 4:31
30 Iomraidhean Croise  

Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.


Ol Rebbiň öňünde näzik maýsa dek, gury ýerdäki kök deý ösdi; biziň oňa serederimiz ýaly, onda ne şekil, ne syrat bardy, arzuwlarymyz ýaly keşp ýokdy.


Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men – Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin.


Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.


Reb şol gün Iýerusalimiň halkyny gorar. Olaryň iň ejizi Dawut ýaly bolar. Dawudyň nesli Hudaý ýaly, öňe çykan Rebbiň perişdesi ýaly bolar.


Şol gün köp halklar Men-Rebbe bil baglarlar we Meniň halkym bolarlar. Men siziň araňyzda mekan tutaryn». Şonda ýanyňyza meni Hökmürowan Rebbiň iberendigini bilersiňiz.


Gündogardan günbatara çenli milletler arasynda Meniň adym beýik bolar! Ähli ýerde Meniň adyma ýakymly ysly tütetgi ýakylyp, päk sadakalar hödürlener. Çünki milletler arasynda Meniň adym beýik bolar. Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Isa olara ýene-de: «Hudaýyň Şalygyny nämä meňzedeli? Ony haýsy tymsal bilen düşündireli?


Ol şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Bu ýerden goparyl-da, deňizde göger!“ diýseňiz, ol size gulak asar.


Şeýlelikde, Rebbiň Hoş Habary barha ýaýrap, güýç-gudraty artýardy.


Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi.


Olar muny eşidip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soňra Pawlusa şeýle diýdiler: «Görýäňmi, dogan, ýahudylaryň arasynda müňlerçe imanly bar. Olaryň hemmesi-de Mukaddes Kanuna özlerini ýürekden bagyş edenler.


Emma bu gürrüňleri diňlänleriň ençemesi Isa iman etdi. Şonda iman eden erkekleriň sany bäş müňe ýetdi.


Muňa garamazdan, Reb Isa iman edenlere goşulan erkekdir aýallaryň sany barha artýardy.


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan