Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 4:28 - Mukaddes Kitap

28 Toprak öz-özünden hasyl berýär. Öňürti baldagy, soňra başy hem başdaky doly däneleri ýetişýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

28 Топрак өз-өзүнден хасыл берйәр. Өңүрти балдагы, соңра башы хем башдакы долы дәнелери етишйәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 4:28
19 Iomraidhean Croise  

Hudaýymyz Reb ol ýerde süýji, dürli-dürli owadan miweli agaçlary gögertdi. Bagyň ortarasynda iki sany daragt: ýaşaýyş daragty hem-de ýagşyny-ýamany saýgaryş daragty bardy.


Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.


Ýöne dogruçyllaryň ýodasy daň şapagy ýalydyr, gün dogýança, gitdigiçe ýagtylýandyr.


Her zadyň öz möwriti bar, gögüň astynda her zadyň öz wagty bar:


Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi. Şeýle hem ebediligi ynsanyň ýüregine saldy, ýöne şonda-da olar Hudaýyň owaldan ahyra çenli eden işini aňlap bilmezler.


Topragyň ösümliklerini ösdürişi dek, bagyň içindäki ekilenleri gögerdişi dek, Hökmürowan Reb-de dogrulyk bilen alkyşy ähli milletleriň öňünde ösdürer.


Geliň, Rebbi tanalyň, tanamaga gaýrat edeliň. Ol daň şapagy ýaly takyk geljek. Ol ýagyş ýaly bize geljek, topragy gandyrýan ýaz ýagşy ýaly ýanymyza geljek».


Ekin ösüp hasyla duranda, haşal ot hem peýda bolýar.


Ol gije ýatýar, irden turýar, emma tohumyň nädip gögerişini, ösüşini bilmeýär.


Hasyl bişende, ýaňky adam dessine oragy işe girizýär. Çünki orak wagty gelendir».


Sizde ýagşy işi başlan Hudaýyň muny Isa Mesihiň geljek gününe çenli bitirjekdigine ynanýaryn.


Şeýle hem Rebbe mynasyp durmuşda ýaşap, Ony her babatda hoşal etmegiňiz üçin dileg edýäris. Goý, siziň ähli oňat işleriňiz miwe bersin. Goý, Hudaý Ony tanamakda sizi has-da ösdürsin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan