Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 4:17 - Mukaddes Kitap

17 Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, olar derrew imandan ýüz döndererler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

17 Эмма оларда көк ёкдур, чыдамсыздыр. Бу сөз үчин мушакгат я-да ызарлама боланда, олар деррев имандан йүз дөндерерлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 4:17
23 Iomraidhean Croise  

„Biz ony nähili yzarlarys? Belanyň körügi Eýýupdyr“ diýseňiz,


Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr» diýip jogap berdi.


Şonuň üçin size şuny diýýärin: ynsanlaryň her bir günäsi, her bir zada dil ýetirmesi bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetirenler bagyşlanmaz.


Emma beýle adamda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, ol dessine imandan ýüz dönderer.


Beýleki adamlar daşly ýere düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidip, ony dessine şatlyk bilen kabul edýärler.


Başga birleri tikenleriň arasyna düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler,


Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetiren bagyşlanmaz.


Onsoň Isa Özüne iman eden ýahudylara: «Meniň sözümi berjaý etseňiz, hakykatdan hem, Meniň şägirtlerim bolarsyňyz;


Tende oňat görnesi gelýänler sizi sünnetlenmäge mejbur edýärler. Olar Mesihiň haçy sebäpli yzarlanmakdan gorkup şeýle edýärler.


Sen Aziýa welaýatyndakylaryň hemmesiniň, şol sanda Figeliň we Hermogeniň menden ýüz öwrendiklerini bilýänsiň.


sebäbi Dema bu dünýäni söýensoň, meni taşlap, Salonikä gitdi. Kriskis Galatýa, Titus hem Dalmatýa gitdi.


Kazyýet mejlisinde özümi ilkinji gezek aklamakçy bolanymda, tarapymy tutan bolmady. Gaýtam, hemmeler meni terk etdiler. Goý, Hudaý olaryň bu günäsini bagyşlasyn.


Şeýle bolsa, Hudaýyň Ogluny aýak astyna salana ondan-da agyr jezanyň garaşýandygyny göz öňüne getirip görüň! Mesihiň äht gany bilen päklenip, soňam muny murdar hasaplaýanyň we merhemet Ruhuny ryswa edýäniň haly niçik bolar?


Olar biziň aramyzdan gitdiler, aslynda-da bize degişli däldiler. Degişli bolsadylar, biziň aramyzda galardylar. Emma çykyp gitmekleri olaryň hiç biriniň bize degişli däldigini äşgär etdi.


Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.


„Seniň nirede ýaşaýanyňy bilýärin, şeýtanyň tagty hem şol ýerdedir. Emma muňa garamazdan, sen Maňa sadyk bolup galansyň. Sen hatda öz şäheriňde, hawa, şeýtanyň ýaşaýan şäherinde sadyk güwäm Antibiň öldürilen günlerinde-de Maňa bolan imanyňdan dänen dälsiň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan