Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 4:16 - Mukaddes Kitap

16 Beýleki adamlar daşly ýere düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidip, ony dessine şatlyk bilen kabul edýärler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Бейлеки адамлар дашлы ере дүшен тохумлара меңзейәрлер. Олар сөзи эшидип, оны дессине шатлык билен кабул эдйәрлер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 4:16
14 Iomraidhean Croise  

Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşýär. Topragy çuň bolmansoň, olar tiz gögerýär.


Käbir adamlar ýoluň üstüne düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler, emma ýüreklerine ekilen bu sözi şobada şeýtan alyp gidýär.


Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, olar derrew imandan ýüz döndererler.


Sebäbi Hirod Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder etdi we ony gorady. Ony diňledigiçe, howsala düşýärdi, emma şonda-da höwes bilen diňlärdi.


Daşly ýere düşenler bolsa sözi eşidenlerinde, şatlyk bilen kabul edýän adamlardyr. Ýöne olarda kök ýokdur. Olar az wagtlaýyn iman edip, synag wagty imandan dänýärler.


Ýahýa nur saçýan yşyk ýalydy. Siz az salym hem bolsa, onuň yşygyna guwanmak islediňiz.


Agrip Pawlusa: «Meni gysga wagtyň içinde yryp, mesihi etjek bolýarsyňmy?» diýdi.


Hatda Simun hem iman etdi, suwa çümdürilenden soň bolsa Filipiň ýanyndan aýrylmady. Ol Filipiň amala aşyrýan beýik mugjyzalaryny we gudratlaryny görüp, haýran galýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan