Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 4:15 - Mukaddes Kitap

15 Käbir adamlar ýoluň üstüne düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler, emma ýüreklerine ekilen bu sözi şobada şeýtan alyp gidýär.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

15 Кәбир адамлар ёлуң үстүне дүшен тохумлара меңзейәрлер. Олар сөзи эшидйәрлер, эмма йүреклерине экилен бу сөзи шобада шейтан алып гидйәр.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 4:15
28 Iomraidhean Croise  

Lut özüne giýew boljaklaryň ýanyna baryp olara: «Basym bu ýerden çykyň, Reb galany weýran etjekdir» diýdi. Emma olar Lut degişýändir öýtdüler.


Biziň habarymyza kim ynandy? Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?


Men Rebbiň perişdesiniň öňünde duran baş ruhany Ýeşuwany hem-de ony günäkärlemek üçin sagynda duran şeýtany gördüm.


kim Hudaýyň Şalygy hakyndaky sözi eşidip, oňa düşünmese, şeýtan gelip, onuň ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýoluň gyrasynda ekilen budur.


Emma olar üns hem bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna gidýär, ýene biri öz söwdasynyň ugrunda gezýär.


Isa oňa: «Ýok bol, şeýtan! „Hudaýyňyz Rebbe sežde ediň, diňe Oňa gulluk ediň“ diýip ýazylandyr» diýdi.


Daýhanyň ekýäni Hudaýyň sözüdir.


Beýleki adamlar daşly ýere düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidip, ony dessine şatlyk bilen kabul edýärler.


Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşýär we guşlar gelip, ony çokýarlar.


Ýoluň üstüne düşen däneler sözi eşidýän adamlardyr. Emma şeýtan gelip, iman getirmesinler, halas bolmasynlar diýip, olaryň kalbyndan sözi sogrup alýar.


Olar Pawlusyň ölümden direliş baradaky wagzyny eşidenlerinde, käbirleri ony masgara etdi, käbirleri bolsa: «Bu hakda seni ýene diňläris» diýdiler.


Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň.


Men muny şeýtan bizden üstün çykmasyn diýip etdim. Onuň kezzaplygy bize mälim ahyryn.


Bikanun adam gelende şeýtanyň güýji arkaly her hili ýalan gudratlary, alamatlary we mugjyzalary görkezer.


Hiç kim zynahorlyk etmesin, nowbaharlyk hakyny bir okara nahara satan Ysaw ýaly Hudaýa äsgermezlik etmesin.


Şonuň üçin imandan dänmez ýaly, eşidenlerimize has köp üns bermelidiris.


Hüşgär we oýa boluň. Duşmanyňyz iblis arlaýjy arslan ýaly aýlanyp, awuny agtaryp ýörendir.


Uly aždarha öz perişdeleri bilen ýere taşlandy. Hawa, bütin dünýäni azdyryp, iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan bu gadymy ýylan ýere taşlandy.


Olary aldan iblis bolsa ýanyp duran kükürtli köle zyňyldy. Jandar bilen galp pygamber hem şol ýerdedir. Olar gije-gündiz ebedilik ejir çekerler.


Müň ýyl dolandan soň, şeýtan tussagdan boşadylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan