Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 3:8 - Mukaddes Kitap

8 Onuň bitiren işlerini eşidip, Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Idumeýadan, Iordan derýasynyň aňyrsyndan, Sur we Sidon töwereklerinden uly mähelle ýanyna geldi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Онуң битирен ишлерини эшидип, Яхудыядан, Иерусалимден, Идумеядан, Иордан дерясының аңырсындан, Сур ве Сидон төвереклеринден улы мәхелле янына гелди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 3:8
18 Iomraidhean Croise  

Hökmürowan Reb biziň bilendir, Ýakubyň Hudaýy berkitmämizdir. Sela


Çünki muşakgatlardan doludyr janym, ölüler dünýäsine golaýlandyr meň ömrüm.


Gylyjym göklerde gandan gandy, ine, gylyjym Edomyň üstüne, bütinleý ýok etjek halkymyň üstüne jeza üçin iner.


Sen ysraýyl halkynyň mirasy harabaçylyga öwrülende, näçe şatlanan bolsaň, şonça-da ejir çekersiň. Sen, eý, Segir dagy tutuş Edom harabaçylyga öwrülersiň. Şonda sen Meniň Rebdigimi bilersiň».


«Şonuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Başga milletlere, esasan hem bütin Edoma garşy gyzgyn gaharym bilen gepledim. Olar örülere talaň saljak bolup, ýürek şatlygy we çuňňur ýigrenç bilen Meniň ýurdumy özlerine mülk edindiler“».


«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Jelileden, Dekapolisden, Iýerusalimden, Ýahudyýadan we Iordanyň gündogar tarapyndan uly mähelle Onuň yzyna düşdi.


Isa ol ýerden çykyp, Sur şäheriniň töweregine gitdi. Ol bir öýe bardy we hiç kimiň bu barada bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi.


Onsoň Isa Sur we Sidon etraplaryndan gaýdyp, Dekapolis sebitleriniň üsti bilen Jelile kölüne geldi.


Isa Özüniň on iki şägirdi bilen dagdan aşak düşüp, bir tekiz ýerde durdy. Ol ýerde Onuň başga-da ençeme şägirtleri üýşüp, tutuş Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Sur bilen Sidonyň kenarýakalaryndan san-sajaksyz adamlar gelipdi.


Bije atyşykda ýahuda tiresiniň uruglarynyň paýyna şu aşakdaky ýerler düşdi: günortada olaryň meýdany Edomyň araçägi bilen, günorta Sin çöllügine çenli baryp ýetýär.


Edomyň araçäginiň golaýyndaky günorta Negep çölünde olara şu galalar degişlidir: Kabseýel, Eder, Ýagur,


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan