Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 3:7 - Mukaddes Kitap

7 Isa şägirtleri bilen kölüň ýakasyna gitdi. Jelileden bir uly mähelle hem Onuň yzyna düşüp gitdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Иса шәгиртлери билен көлүң якасына гитди. Җелиледен бир улы мәхелле хем Онуң ызына дүшүп гитди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 3:7
20 Iomraidhean Croise  

Sizi bir şäherde yzarlasalar, beýlekisine gaçyň. Size dogrusyny aýdýaryn, Ynsan Ogly gelýänçä, siz Ysraýylyň ähli şäherlerine aýlanyp çykyp bilmersiňiz.


Emma Isa fariseýleriň bu niýetini bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdüler, Isa hem olaryň arasyndaky hassalary sagaltdy.


Isa olara Özüniň kimdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.


Jelileden, Dekapolisden, Iýerusalimden, Ýahudyýadan we Iordanyň gündogar tarapyndan uly mähelle Onuň yzyna düşdi.


Şeýlelikde, Isa olaryň sinagogalarynda wagyz edip, arwah-jynlary kowup çykaryp, tutuş Jeliläniň içine aýlandy.


Emma ol adam gidip, bolan zatlary ýetişibildigine gürrüň bermäge we ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin Isa indi hiç bir şähere arkaýyn girip bilmän, olardan daşda, çola ýerlerde bolýardy. Emma hemme ýerden Onuň ýanyna adamlar gelýärdiler.


Soňra Isa bir öýe bardy. Ol ýerde hem hemişekiler ýaly, ýene-de uly mähelle ýygnanansoň, Isanyň şägirtleri bilen nahar iýmäge-de wagtlary bolmady.


Isa kölüň ýakasynda halka ýene öwretmäge başlady. Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi zerarly köldäki bir gaýyga münüp oturdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy.


Emma olar hötjetlik edip: «Bu adam Öz taglymaty bilen tutuş Ýahudyýanyň ilatyny öjükdirýär. Ol Jelileden başlap, şu ýere çenli geldi» diýdiler.


Şol günlerde Isa doga okamak üçin daga çykdy we bütin gijäni Hudaýa doga okap geçirdi.


Isa Özüniň on iki şägirdi bilen dagdan aşak düşüp, bir tekiz ýerde durdy. Ol ýerde Onuň başga-da ençeme şägirtleri üýşüp, tutuş Ýahudyýadan, Iýerusalimden, Sur bilen Sidonyň kenarýakalaryndan san-sajaksyz adamlar gelipdi.


Başgalary: «Bu Mesihdir» diýdiler, emma käbirleri: «Bolup bilmez! Mesih, heý-de, Jelileden gelermi?


Olar: «Sen hem jelilelimi? Mukaddes Ýazgylara ser sal, Jelileden hiç wagt pygamber çykmajagyny görersiň» diýdiler.


Doganlar şol gijäniň özünde Pawlus bilen Silasy Beriýa şäherine iberdiler. Olar şähere gelip, ýahudylaryň sinagogasyna bardylar.


Şonda doganlar Pawlusy şobada deňziň kenaryna ugratdylar. Silas bilen Timoteos bolsa Beriýada galdylar.


Şeýlelik bilen, olar Naftaly daglygynda Jelilede Kedeş galasyny, Efraýym daglygynda Şekemi we Ýahuda daglygynda Kirýatarbany (Hebrony) bellediler.


Olara naftaly tiresinden ganhorlar üçin gaçybatalga bolan, Jeliledäki Kedeş galasy, şeýle hem Hammotdor, Kartan galalary – jemi üç gala öri meýdanlary bilen bile berildi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan