Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 3:5 - Mukaddes Kitap

5 Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Иса төверегиндәкилере гахар билен бакып, оларың доңйүрекдигине гынанды. Яңкы адама: «Элиңи узат!» дийди. Ол хем элини узатды велин, эли долы сагалды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 3:5
29 Iomraidhean Croise  

Ol adamzady ýaradandygyna ökündi we ýürekden gynandy.


Patyşa oňa: «Hudaýyň Rebden maňa rehim etmegini sorap, elimiň gutulmagy üçin dileg edäý» diýdi. Şeýdip, Hudaýyň adamy Ýarobgamyň eliniň gutulmagy üçin Rebbe dileg etdi. Onsoň patyşanyň eli gutulyp, öňki halyna geldi.


Muňa meniň gaty gaharym geldi. Tobyýanyň ähli öý goşlaryny otagdan çykaryp zyňdym.


Milletler arasynda siz şuny aýdyň: «Reb – Patyşa! Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla. Ol ýüz görmezden halklara kazylyk eder».


Onsoň Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, onuň näsag eli edil beýleki eli ýaly sagaldy.


Onsoň olardan: «Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da öldürmek?» diýip sorady. Olardan ses çykmady.


Reb Isa hem oňa: «Eý, ikiýüzlüler! Siziň haýsy biriňiz Sabat güni öküziňizi ýa eşegiňizi ahyryň başyndan çözüp, suwa ýakmaga äkitmeýärsiňiz?


Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden saplandy.


Isa töweregindäkileriň hemmesine göz gezdirip çykdy-da, ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy.


Soňra oňa: «Git-de, Siloýam howzunda ýuwun» diýdi. (Siloýam «Iberilen» diýmekdir.) Ol gidip ýuwundy we yzyna gözleri açylyp geldi.


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Ýöne olaryň akyly küteldi, sebäbi köne äht olara okalyp berlende, bu perde heniz-de ýüzlerini basyrýandyr. Bu ýüz perdesi diňe Isa Mesihe iman edilende aýrylýar.


Olaryň aň-düşünjesini garaňkylyk gaplady. Nadan we doňýürek bolandyklary üçin, olar Hudaýyň beren durmuşyndan mahrum boldular.


Gaharlanyp günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne Gün ýaşmasyn.


Hudaýyň Mukaddes Ruhuny gamgyn etmäň. Çünki Mukaddes Ruh siziň Hudaýa degişlidigiňiziň hem-de gutulyş güni azat edilmegiňiziň kepilnamasydyr.


Hudaý kyrk ýyllap kime gazaplandy? Günä edenlere dälmi näme? Olaryň jesetleri çölde serildi.


Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.


Olar daglara we gaýalara ýüzlenip, şeýle diýdiler: «Biziň üstümize ýykylyň! Bizi tagtda Oturanyň ýüzünden, Guzynyň gazabyndan gizläň!


Şeýdip, olar keseki hudaýlardan ýüz öwrüp, ýene Rebbe gulluk edip başladylar. Reb olara ýene-de dözmedi.


Ýonatan gazap bilen saçagyň başyndan turdy we kakasynyň Dawudy pisint etmeýändigine gaty gynanyp, aýyň ikinji güni hiç zat iýmedi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan