35 Hudaýyň islegini kim berjaý etse, şol Meniň doganym, uýam hem ejemdir» diýdi.
35 Худайың ислегини ким берҗай этсе, шол Мениң доганым, уям хем эҗемдир» дийди.
Maňa: „Ýa Reb! Ýa Reb“ diýen her bir adam Gögüň Şalygyna girmez, diňe gökdäki Atamyň islegini berjaý eden oňa girer.
Hudaýyň yradasyny berjaý etmek isleýän adam Meniň öwredýänlerimiň Hudaýdandygyna ýa-da Özümdendigine göz ýetirer.
Muny diňe olaryň öňünde merhemet gazanmak üçin däl-de, eýsem Mesihiň guly hökmünde Hudaýyň yradasyny ak ýürekden ýerine ýetirmek üçin ediň.
Sabyr-takatly bolup, Hudaýyň yradasyny berjaý ediň, şonda Hudaýyň wadasyna gowşarsyňyz.
Emma kim azatlyk berýän kämil kanuna üns berip, eşidenlerini ýatdan çykarman, gaýtam, ony berk berjaý edýän bolsa, Hudaý ony her bir edýän işinde ýalkar.
Indi bu bedendäki galan ýaşajak ömrüňizde ynsanyň islegine däl-de, Hudaýyň islegine eýeriň.
Dünýä we onuň höwesleri geçer gider, emma Hudaýyň yradasyny berjaý edýän adam baky ýaşar.