Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 3:3 - Mukaddes Kitap

3 Isa eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Иса эли шел ачан адама: «Ериңден тур-да, орта чык!» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 3:3
12 Iomraidhean Croise  

Ejizlemez, ruhdan düşmez ol, ýer ýüzünde adalaty berkidýänçä, adalar onuň kanunyna garaşarlar.


Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi.


Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Kanun boýunça Sabat güni hassa şypa bermek bolýarmy?» diýip soradylar.


Käbir adamlar Isany aýyplajak bolup, Sabat güni bu adama şypa berermikä diýip, Ony aňtaýardylar.


Onsoň olardan: «Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da öldürmek?» diýip sorady. Olardan ses çykmady.


Isa olaryň pikirlerini bilip, eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi. Ol hem ýerinden turup, ortada durdy.


Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Ýagşylyk etmekde ýadamalyň. Eger ruhdan düşmesek, öz wagtynda orarys.


Meniň bu tussaglygym imandaky doganlarymyň köpüsini ruhlandyrdy. Olar gorkman, batyrgaýlyk bilen Hoş Habary wagyz edýärler.


Şunlukda, Mesihiň dünýäde ejir çekişi ýaly, siz hem şeýle pikirler bilen ýaraglanyp, muňa taýýar boluň. Sebäbi Mesih üçin ejir çekmäge taýyn bolsaňyz, günä etmekden ýüz öwrensiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan