Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 3:27 - Mukaddes Kitap

27 Hiç kim bir güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap bilmez; öňürti ony tutup daňmaly bolar, onsoň öýüni talar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

27 Хич ким бир гүйчли адамың өйүне гирип, малыны талап билмез; өңүрти оны тутуп даңмалы болар, онсоң өйүни талар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 3:27
17 Iomraidhean Croise  

Seniň bilen aýalyň, seniň tohumyň bilen aýalyň tohumynyň arasyna, duşmançylyk salaryn Men. Ol seniň kelläňi owradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» diýdi.


Şol gün Reb gazaply, haýbatly, gudratly gylyç bilen gaçýan, towlanýan ýylan Liwýatany – deňiz aždarhasyny jezalandyrar.


Şonuň üçin Men oňa beýik adamlaryň arasyndan paý bererin; oljany güýçlüler bilen paýlaşar ol, janyny gurban etdi ol, ýazyklylar bilen bir saýyldy; ol köpleriň günäsini öz üstüne aldy, olaryň ýazyklarynyň geçilmegini diledi.


Hökmürowan Rebbiň Ruhy üstümdedir. Garyplara hoş habary bildirmegim üçin, Ol meni seçip-saýlady; göwni synyklara şypa bermäge, tussaglara azatlygy yglan etmäge, zyndandakylary boşatmaga iberdi meni.


Kim güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap biler? Ilki ony daňmaly bolar, onsoň öýüni talar.


Indi bu dünýä höküm çykarylmaly wagt geldi. Ine, bu dünýäniň hökümdary şeýtan kowlup çykarylar.


Parahatlygyň gözbaşy bolan Hudaý bolsa tiz wagtda şeýtany aýaklaryňyzyň astynda mynjyradar. Goý, Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti size ýar bolsun!


Hudaý ruhy güýçleriň we ygtyýarlyklaryň elinden ýaragyny aldy we olary Isa Mesih arkaly ýeňip, açykdan-açyk paş etdi.


Bu çagalar ynsan bolandyklary üçin, Isa hem olar ýaly ynsan boldy. Ölüme duçar edýän iblisi Ol Öz ölümi arkaly ýok etdi we


Günä edýän adam iblise degişlidir, sebäbi iblis başlangyçdan bäri günä edip gelýändir. Emma Hudaýyň Ogly iblisiň işlerini ýok etmek üçin geldi.


Eziz balalar, siz bolsa Hudaýdansyňyz. Sizdäki Ruhuň dünýädäki ruhlardan üstündigi üçin, siz galp pygamberleri ýeňensiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan