Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 3:24 - Mukaddes Kitap

24 Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

24 Бир патышалыгың ичинде бөлүнишик болса, ол патышалык берк дуруп билмез.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 3:24
15 Iomraidhean Croise  

Şol wagt benýamin tiresinden Bikriniň ogly Şeba diýen bir deýýus şol ýerdedi. Ol şahdan edilen surnaý çalyp, şeýle diýip gygyrdy: «Eý, ysraýyllar, paýymyz ýok Dawutda! Paýymyz ýok Ýyşaýyň oglunda! Öýli-öýüňize dargaň!»


Dawut Abyşaýa: «Indi Bikri ogly Şeba bize Abşalomdanam köp zyýan berer. Öz jenabyňyň gullaryny al-da, onuň yzyndan kow, ýogsam, ol özüne berk galalar tapar-da, bizden sypar» diýdi.


Olary ýurtda, Ysraýyl daglarynyň üstünde bir millet ederin, olaryň baryny bir patyşa dolandyrar; olar gaýdyp iki millet bolmazlar, iki patyşalyga bölünmezler.


Soňra men Ýahuda bilen Ysraýylyň arasyndaky doganlyk gatnaşygyny bozmak üçin «Bütewülik» diýen ikinji taýagymy-da döwdüm.


Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen şäher ýa-da öý berk durup bilmez.


Şonuň üçin Isa halky ýanyna çagyryp, tymsallar arkaly söze başlady: «Şeýtan öz-özüni nädip kowup çykarsyn?


Bir hojalygyň içinde bölünişik bolsa, ol maşgala berk durup bilmez.


Olaryň hemmesi bir bolsun. Ata, Seniň Mende, Meniň-de Sende bolşum ýaly, olar hem Bizde bolsunlar. Şeýlelikde, Meni Seniň iberendigiňe dünýä iman etsin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan