Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 3:2 - Mukaddes Kitap

2 Käbir adamlar Isany aýyplajak bolup, Sabat güni bu adama şypa berermikä diýip, Ony aňtaýardylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Кәбир адамлар Исаны айыплаҗак болуп, Сабат гүни бу адама шыпа берермикә дийип, Оны аңтаярдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 3:2
12 Iomraidhean Croise  

Men: «Ähli tarapdan howp abanýar! Üstünden arz ediň! Bizem arz edeliň!» diýen pyşyrdylary eşitdim. Ähli ýakyn dostlarym büdremegime göz dikip: «Belki, aldanar, şonda ýeňeris ony, ondan alarys arymyzy» diýýärler.


Şeýlelikde, wezirler we häkimler patyşalyk işlerinde Danyýeliň üstünden arz eder ýaly bahana gözlemäge başladylar. Emma olar arz eder ýaly ondan hiç hili ýazyk tapmadylar, çünki Danyýel wepalydy. Ondan hiç hili ýalňyşlyk ýa ýazyk tapylmady.


Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Kanun boýunça Sabat güni hassa şypa bermek bolýarmy?» diýip soradylar.


Isa eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi.


Bir Sabat güni Isa fariseýleriň başlyklaryndan biriniň öýüne nahara geldi. Hemmeler Oňa dykgat bilen seredýärdiler.


Isany göz astyna alyp, Ony aňtamak üçin, birnäçe dogruçylsumagy Onuň yzyna saldylar. Olar Isany gepde tutup, Ony häkimiň hökümine we ygtyýaryna tabşyrmak maksatlary bardy.


Töwrat mugallymlary bilen fariseýler Isany aýyplamakçy boldular. Sabat güni hassa şypa berermikä diýip, Ony aňtadylar.


Olar muny Isany synamak üçin sorapdylar, sebäbi Ony aýyplamak üçin tutaryk agtarýardylar. Isa aşak oturyp, barmagy bilen ýere bir zatlar ýazmaga başlady.


Fariseýleriň käbirleri: «Ol Adam Hudaýdan däl, sebäbi Sabat gününi saklamaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Eýsem günäkär adam beýle gudratly alamatlary görkezip bilermi?» diýdiler. Şeýdip, olaryň arasynda agzalalyk döredi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan