Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 3:19 - Mukaddes Kitap

19 we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

19 ве Иса хайынлык эден Юдас Искариот.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 3:19
13 Iomraidhean Croise  

Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy.


onsoň Andrys, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun


Soňra Isa bir öýe bardy. Ol ýerde hem hemişekiler ýaly, ýene-de uly mähelle ýygnanansoň, Isanyň şägirtleri bilen nahar iýmäge-de wagtlary bolmady.


Olar Kapernauma bardylar. Öýe girenden soň, Isa olardan: «Ýolda näme hakda jedelleşýärdiňiz?» diýip sorady.


Agşamlyk nahar wagtydy. Iblis eýýäm Simunyň ogly Ýudas Iskariýodyň kalbyna Isa haýynlyk etmek niýetini salypdy.


Ýöne siziň araňyzda käbir iman etmeýänler bar» diýdi. Çünki Isa kimiň iman etmeýändigini we Özüne kimiň haýynlyk etjekdigini ilkibaşdan bilýärdi.


Ol muny Simun Iskariýodyň ogly Ýudany göz öňünde tutup aýtdy. Sebäbi Ýudas Onkileriň biri bolsa-da, soňra Isa haýynlyk etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan