Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 3:18 - Mukaddes Kitap

18 onsoň Andrys, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

18 онсоң Андрыс, Филип, Бартоломей, Матта, Томас, Алфейиң оглы Якуп, Таддей, ватанчы Симун

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 3:18
27 Iomraidhean Croise  

Ol agaç ussanyň ogly dälmi? Ejesiniň ady hem Merýem dälmi näme? Ol Ýakup, Ýusup, Simun we Ýahuda dagyň dogany ahyryn!


Isa şol ýerden geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Mattany görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


Isa ýoldan geçip barýarka, salgyt ýygnap oturan Alfeýiň ogly Lewini görüp, oňa: «Meniň yzyma düş!» diýdi. Ol hem turup, Onuň yzyna düşdi.


Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna – Isa olara Bowanerges diýen lakamy berdi, (bu «Gök gürrüldisiniň ogullary» diýmegi aňladýar),


we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.


Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose, Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular.


Ýahýadan Isa hakda eşidip, Onuň yzyna düşüp gidenleriň biri Simun Petrusyň dogany Andrysdy.


Şonda Ekiz lakamly Tomas diýen şägirt beýleki şägirtlere: «Ýörüň, bizem gideliň-de, Isa bilen bile öleliň» diýdi.


Şonda Iskariýot däl-de, beýleki Ýudas Isadan: «Eý, Agam, näme üçin Sen Özüňi dünýä däl-de, bize aýan etmek isleýärsiň?» diýip sorady.


Simun Petrus, Ekiz lakamly Tomas, Jeliläniň Kana şäherinden bolan Natanaýel, Zebedeýiň ogullary we Isanyň şägirtlerinden ýene ikisi bir ýere üýşüpdiler.


Şähere girenlerinden soň, olar öz bolýan öýleriniň ýokarky gatyndaky otagyna çykdylar. Petrus, Ýohanna, Ýakup, Andrys, Filip, Tomas, Bartolomeý, Matta, Alfeýiň ogly Ýakup, Watançy Simun we Ýakubyň ogly Ýudas dagy hem şol ýerdediler.


Olar gürrüňlerini gutarandan soň, Ýakup söze başlap, şeýle diýdi: «Doganlar, maňa gulak asyň!


Ertesi Pawlus biziň bilen birlikde Ýakuby görmäge bardy, Iýerusalimdäki ýygnagyň ähli ýolbaşçylary-da şol ýerdediler.


Soňra Ol Ýakuba göründi, soň resullaryň ählisine göründi.


Imanly bolsa, aýalymyzy ýanymyz bilen äkitmäge hakymyz ýokmy? Petrus we beýleki resullar, Rebbimiz Isanyň inileri hem hut şeýle edýär ahyry.


Şonda men ol ýerde Rebbimiz Isanyň inisi Ýakupdan başga resullaryň hiç birini görmedim.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň guly men Ýakupdan başga milletleriň arasyna dargan Ysraýylyň on iki tiresine dogaýy salam!


Isa Mesihiň guly we Ýakubyň dogany bolan men Ýahudadan Hudaýyň halky bolmaga çagyrylanlara dogaýy salam! Bu haty Atamyz Hudaý tarapyndan söýlüp, Isa Mesih arkaly goralýan size ýazyp ýollaýaryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan