Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 3:14 - Mukaddes Kitap

14-16 Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun – Isa oňa Petrus diýip at berdi,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14-16 Иса он ики адамы сайлап алып, олара ресуллар дийип ат берди. Онуң вагыз этмәге иберен, хассалары сагалдып, арвах-җынлары ковмага ыгтыяр берен бу он ики ресулы шулардыр: Симун – Иса оңа Петрус дийип ат берди,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 3:14
11 Iomraidhean Croise  

Onsoň Isa daga çykyp, Öz saýlan adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar Onuň ýanyna bardylar.


Resullar Isanyň ýanyna ýygnanyp, ähli eden işleri, halka öwreden zatlary barada Oňa habar berdiler.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Siz Meni däl-de, Men sizi saýladym. Men siziň gidip, hiç solmaýan miwe bermegiňiz üçin saýlap-seçdim. Şoňa görä Meniň adym bilen Atadan näme dileseňiz, Ol size berer.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Men, resul Pawlus we ýanymdaky doganlarymyň ählisi Galatýadaky imanlylar ýygnagyna şu hat bilen dogaýy salam iberýäris. Meni resullyga ynsanlar däl-de, Isa Mesih we Ony ölümden direlden Ata Hudaý belledi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan