Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 3:10 - Mukaddes Kitap

10 Isa ençeme adama şypa berdi, şonuň üçin hemme hassalar Oňa ellerini degirjek bolup, ýanyna itekleşip gelýärdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Иса энчеме адама шыпа берди, шонуң үчин хемме хассалар Оңа эллерини дегирҗек болуп, янына итеклешип гелйәрдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 3:10
18 Iomraidhean Croise  

Reb Ybramyň aýaly Seraý sebäpli faraon we onuň köşgündäki adamlara elhenç keseller bilen ejir çekdirdi.


Emma halk entek etiň hemmesini iýip ýetişmänkä, Reb gazaplanyp, düşelgä elhenç gyrgynçylyk iberdi.


Emma Isa fariseýleriň bu niýetini bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdüler, Isa hem olaryň arasyndaky hassalary sagaltdy.


Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy.


Olar diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etmegini sorap, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de sagaldy.


Isa tutuş Jeliläni aýlanyp çykdy. Ol ýerdäki sinagogalarda sapak berip, Gögüň Şalygynyň Hoş Habaryny wagyz etdi, halkyň arasyndaky her hili keselleri, hassalary sagaltdy.


Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden saplan» diýdi.


Isa nirä barsa, oba bolsun, şäher bolsun ýa-da şäherçe, adamlar hassalary meýdanlarda ýatyryp, diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de şypa tapýardy.


Onsoň Isa bilen şägirtleri Betsaýda geldiler. Ol ýerde Isanyň ýanyna bir kör adamy getirdiler we oňa elini degirmegini sorap, Oňa ýalbardylar.


Isa gaýyklaryň birine münüp, gaýygyň eýesi Simundan kenardan biraz uzaklaşmagy haýyş etdi. Onsoň Ol gaýykda oturan ýerinden halka öwretmäge durdy.


Ähli adamlar Isa el degirjek bolup dyrjaşýardy, sebäbi Ondan çykýan güýç olaryň hemmesine şypa berýärdi.


Bu ýerde bir ýüzbaşynyň ezizläp hormatlaýan hyzmatkäri keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy.


Şol wagtlar Isa köp keselleri, hassalary, erbet ruh eýelänleri bejeripdi, ençeme körleriň gözlerini açypdy.


Petrus geçip gidende, hiç bolmanda, onuň kölegesi hassalaryň üstüne düşsün diýip, olary köçelere çykaryp, çarpaýalarda we düşeklerde ýatyrýardylar.


Çünki Reb söýýänini terbiýeleýändir, kabul eden perzendine temmi berýändir».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan