1 Başga bir gün Isa ýene sinagoga gitdi. Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy.
1 Башга бир гүн Иса ене синагога гитди. Ол ерде эли шел ачан бир адам барды.
Onuň Beýteldäki gurbanlyk sypasyna gygyryp aýdan sözüni Ýarobgam eşitdi we gurbanlyk sypasynyň ýanyndan elini uzadyp: «Ony tutuň!» diýdi. Ýarobgamyň Hudaýyň adamyna garşy uzadan eli şol bada ysmaz bolup, ol elini yzyna çekip bilmedi.
Olar Kapernauma geldiler. Sabat güni Isa sinagoga baryp, öwretmäge başlady.
Şeýlelikde, Isa olaryň sinagogalarynda wagyz edip, arwah-jynlary kowup çykaryp, tutuş Jeliläniň içine aýlandy.
Şonuň üçin Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr» diýdi.
Bu eýwanlarda gaty köp hassalar, körler, agsaklar, ysmazlar ýatyrdylar.