Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 2:8 - Mukaddes Kitap

8 Isa dessine olaryň näme pikir edýändigini ruhunda syzyp: «Näme üçin göwnüňize beýle pikirler getirýärsiňiz?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Иса дессине оларың нәме пикир эдйәндигини рухунда сызып: «Нәме үчин гөвнүңизе бейле пикирлер гетирйәрсиңиз?

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 2:8
23 Iomraidhean Croise  

Seniň kalby synaýandygyňy we kalby päkligi halaýandygyňy men bilýärin, eý, Hudaýym! Şu zatlaryň hemmesini men öz päk kalbym bilen meýletin berdim. Häzir men Seniň şu ýere ýygnanan halkyňyň meýletinlik hem şatlyk bilen sadaka berýändigini görýärin.


Ýa Reb, ýamanlardan meni halas et, zalym adamlardan meni penala.


Ýaman niýet Rebbe ýigrenjidir, ýakymly sözleri bolsa tämiz saýýar.


Akmaklygy niýetlemek günädir, masgaralaýjy bolsa adamlara ýigrenjidir.


Pisler öz ýollaryndan, erbetler öz pikirlerinden dänip, Rebbe dolanyp barsynlar, Reb olara rehim eder; Hudaýymyza dolansynlar, Ol gaty geçirimlidir.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün seniň aňyňa köp pikirler geler, dildüwşük gurarsyň.


Emma Isa fariseýleriň bu niýetini bilip, ol ýerden gitdi. Köp adamlar Onuň yzyna düşdüler, Isa hem olaryň arasyndaky hassalary sagaltdy.


Olar bolsa özara çekeleşip: «Ol muny biziň çörek almandygymyz üçin şeýle diýýändir» diýişýärdiler.


Emma Isa olaryň pikirlerini bilip: «Näme üçin göwnüňize erbet pikirler getirýärsiňiz?


Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“ diýmekmi ýa-da: „Tur, düşegiňi al-da, ýöre“ diýmek?


Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, azgynlyk, ogurlyk, ganhorlyk, zynahorlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, göriplik, sögünç, tekepbirlik we akmaklyk çykýar.


Isa olara: «Näme üçin dowla düşýärsiňiz? Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär?


Emma Isa olaryň näme pikir edýändiklerini bilip, olara: «Näme üçin hyýalyňyzda beýle pikirler edýärsiňiz?


Isa olaryň pikirlerini bilip, eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi. Ol hem ýerinden turup, ortada durdy.


Isa ýene-de ondan: «Eý, Ýohannanyň ogly Simun, Meni söýýärsiňmi?» diýip, üçünji gezek sorady. Isanyň «Meni söýýärsiňmi?» diýip üçünji gezek sorany üçin, Petrus gussa batdy. Ol Isa: «Ýa Reb, Sen ähli zady bilýänsiň, Seni söýýänimi-de bilýänsiň» diýdi. Isa oňa: «Goýunlarymy otlat.


Ýöne siziň araňyzda käbir iman etmeýänler bar» diýdi. Çünki Isa kimiň iman etmeýändigini we Özüne kimiň haýynlyk etjekdigini ilkibaşdan bilýärdi.


Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň.


Indi toba edip, bu ýaman niýetiňden el çek-de, Rebbe ýalbar, belki, ýüregiňdäki bu niýetiňi bagyşlar.


Hudaýdan gizlin ýaradylan hiç zat ýokdur, Onuň nazarynda ähli zat açyk we mese-mälimdir. Biz Oňa hasabat bermelidiris.


Men onuň çagalaryny hem öldürerin. Şonda hemme ýygnaklar Meniň ýürekleri we pikirleri derňeýändigimi bilerler. Men siziň her biriňize eden işleriňize görä jeza bererin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan