Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 2:27 - Mukaddes Kitap

27 Soňra Isa olara: «Adam Sabat güni üçin däl-de, Sabat güni adam üçin ýaradyldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

27 Соңра Иса олара: «Адам Сабат гүни үчин дәл-де, Сабат гүни адам үчин ярадылды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 2:27
13 Iomraidhean Croise  

Alty günläp öz işleriňizi ediň, emma ýedinji gün dynç alyň. Şonda öküziňize we eşegiňize-de ýeňillik bolar. Öýüňizdäki guluňyz hem, gelmişek hem rahatlanar.


Sabat gününi bozmakdan, mukaddes günümde isläniňizi etmekden saklansaňyz, Sabat gününi ýakymly, Rebbiň mukaddes gününi hormatly saýsaňyz, özüňize ýaraýany etmän, isläniňizi etmän, boş sözleri sözlemän, ol güni hormatlasaňyz,


Olary mukaddes halk eden Meniň Rebdigimi bilsinler diýip, Özüm bilen olaryň arasynda alamat bolar ýaly, mukaddes Sabat günlerimi hem olar üçin belledim.


Mukaddes Sabat günümiň kanunlaryny ýerine ýetiriň. Hudaýyňyz Meniň Rebdigimi bilmegiňiz üçin, bu Meniň bilen siziň araňyzda alamat bolar“.


Şonuň üçin Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr» diýdi.


Onsoň Isa olardan: «Size bir sowalym bar: „Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da heläk etmek?“» diýip sorady.


Şeýlelikde, Musanyň kanuny bozulmasyn diýip hem, özüňiz Sabat güni sünnet edýäňiz. Onda näme üçin Sabat güni bir adamy bütinleý sagaldandygym üçin Meni ýazgarýarsyňyz?


Bularyň bary siziň üçin edilýär. Şeýdip Hudaýyň merhemeti köpden-köp adamlara ýetip, olaryň şükürlerini artdyrar we Hudaýyň şöhratyny has-da beýgelder.


Hudaýyň Rebbiň buýruşy ýaly, mukaddes Sabat gününiň kanunlaryny ýerine ýetir.


Emma ýedinji gün Hudaýyň Rebbe bagyşlanan dynç günüdir. Bu gün seniň özüňem hiç iş etme, ogul-gyzyň, gul-gyrnagyň, öküziň ýa-da eşegiň, tutuş mal-garaň, galaňyzda ýaşaýan gelmişek – hijisi bir iş hem etmesin. Şonda siziň gul-gyrnagyňyz hem özüňiz ýaly dynç alyp biler.


Şonuň üçin hem hiç kim size azyk-owkat, dini baýram, Täze Aý ýa-da Sabat güni hakda höküm çykarmasyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan