Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 2:26 - Mukaddes Kitap

26 Ol baş ruhany Abiýataryň döwründe Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylara hem berdi. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi» diýip jogap berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

26 Ол баш руханы Абиятарың дөврүнде Худайың өйүне гирип, Хөдүр чөреклерини ийди, янындакылара хем берди. Бу олар үчин гадаганды, диңе руханылара ругсат берленди» дийип җогап берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 2:26
18 Iomraidhean Croise  

Abýatar belende çykyp durdy, Sadok hem ähli lewiler bilen Hudaýyň Äht sandygyny göterip alyp barýardy. Adamlaryň bary galadan çykyp bolýança, olar Hudaýyň sandygyny ýerde goýdular.


Şeýdip, Sadok bilen Abýatar Hudaýyň sandygyny göterip, yzyna Iýerusalime äkitdiler we özleri hem şol ýerde galdylar.


Ruhanylar Sadok bilen Abýatar hem şol ýerde seniň ýanyňda bolarlar. Şa köşgünden eşidenleriňi şolara aýdarsyň.


Şewa – kätip, Sadok bilen Abýatar – ruhanylar boldy.


Ahytubyň ogly Sadok bilen Abýataryň ogly Ahymelek – ruhanydylar, Seraýa – kätipdi,


Adonyýa Seruýanyň ogly Ýowap we Abýatar ruhany bilen dil düwüşdi. Şeýdip, ol ikisi Adonyýanyň tarapynda boldy.


Süleýman patyşa ejesine şeýle jogap berdi: «Sen näme üçin şunemli Abyşagy Adonyýa üçin soraýarsyň? Onuň üçin patyşalygy hem sora! Çünki ol meniň uly doganymdyr; patyşalygy diňe onuň üçin däl-de, eýsem Abýatar ruhany bilen Seruýanyň ogly Ýowap üçin hem sora!»


Ýehoýadanyň ogly Benaýa goşunbaşydy, Sadok bilen Abýatar ruhanylardy.


Lewilerden bolan Netaneliň ogly Şemagýa mürze patyşanyň, ýolbaşçylaryň, ruhany Sadok bilen Abýataryň ogly Ahymelegiň, ruhanylaryň nesilleriniň hem-de lewileriň kowumbaşylarynyň huzurynda bularyň atlaryny ýazdy. Elgazar bilen Ytamaryň hersi üçin bir topar saýlanyp alyndy.


Ol Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylar hem iýdiler. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi.


Isa olara: «Dawut bilen ýanyndakylar aç hem mätäç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini asla okamadyňyzmy?


Dawut Ahymelek ruhanynyň ýanyna Nop galasyna geldi. Ahymelek gorkudan ýaňa sandyr-sandyr edip, Dawudy garşylamaga çykdy. Ol Dawuda: «Näme üçin ýeke özüň geldiň? Näme üçin ýanyňda hiç kim ýok?» diýip sorady.


Ahymelegiň ogly Abýatar gaçyp, Dawudyň ýanyna gelende, onuň elinde efot bardy.


Şawulyň niýetiniň ýamandygyny bilende, Dawut ruhany Abýatara: «Efody getir, Hudaýyň islegini bileli» diýdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan