Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 2:22 - Mukaddes Kitap

22 Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Ýogsa şerap meşikleri böwsüp, döküler, meşikler-de zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr» diýip jogap berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

22 Хич ким тәзе шерабы көне мешиклере гуймаз. Ёгса шерап мешиклери бөвсүп, дөкүлер, мешиклер-де заяланар. Тәзе шерап тәзе мешиклере гуюляндыр» дийип җогап берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 2:22
9 Iomraidhean Croise  

Ine, içim açylmadyk şerap kimin, täze meşik kimin ýarylyp barýar.


Hiç kim täze şeraby köne meşiklere guýmaz. Beýtse, meşikler ýarylyp, şerap döküler we meşikler hem zaýalanar. Täze şerap täze meşiklere guýulýandyr, şeýdip, ikisi hem abat saklanýandyr» diýip jogap berdi.


Hiç kim köne eşige täze matadan ýama salmaz, ýogsam salnan ýama köne eşikden gopup, ýyrtyk ýeri has beter bolar.


Bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ýolda barýarkalar, bugdaý başlaryny ýolmaga başladylar.


Ine, bular biziň şerap meşiklerimiz. Biz olary dolduranymyzda, olar täzejediler, häzir bolsa olaryň hemmesi jaýryk-jaýryk boldular. Biziň egin-eşigimize we çarygymyza serediň. Uzak ýol olary sandan çykardy».


olar onuň ýanyna aldaw ýoly bilen barmagy ýüreklerine düwdüler. Olaryň bir topary ýol şaýyny tutup, köne horjunlaryny we ýyrtyk-ýyrtyk, ýama-ýama şerap meşiklerini eşeklerine ýükläp ýola düşdüler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan