Balalarym! Men indi siziň bilen uzak bolmaryn. Siz Meni agtararsyňyz, ýöne ýahudylara aýdanymy size-de aýdýaryn: „Meniň gitjek ýerime siz baryp bilmersiňiz“.
Men bu dünýäde mundan artyk galmaryn, emma olar entek dünýädedirler. Men Seniň ýanyňa dolanyp barýaryn. Eý, Mukaddes Atam, Maňa beren adamlaryňy Öz gudratly güýjüň bilen gora. Maňa-da şol güýji Sen berdiň. Şonda olar hem Biziň ýaly bir bolsunlar.
Gelin giýewe degişlidir. Giýewiň dosty bolsa, giýewiň gelerine garaşyp, onuň sesini eşideninde juda şatlanýandyr. Hut şonuň ýaly meniň şatlygym-da indi hasyl boldy.
Pawlus bilen Barnap her bir ýygnak üçin ýolbaşçylar bellediler. Soňra doga-dileg edip, agyz bekläp bu ýolbaşçylary özleriniň iman eden Rebbine tabşyrdylar.
Diňe Hudaýa doga edýän wagtyňyz bolaýmasa, başga wagt biri-biriňizi är-aýallyk hukugyndan mahrum etmäň. Bu hem özara ylalaşyga görä diňe wagtlaýyn bolsun. Soňra gaýtadan birigiň. Ýogsa özüňize erk edip bilmeýänligiňizden peýdalanyp, şeýtan sizi azdyraýmasyn.
Men agyr zähmet çekdim, gara işde işledim, ençeme gijäni ukusyz geçirdim; aç-suwsuzlygyň nämedigini bilýärin; açlykda gezdim, sowukda ýarym-ýalaňaç galdym.