Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 2:2 - Mukaddes Kitap

2 Şonda ol ýere şeýle bir köp adam üýşdi welin, hatda gapynyň agzynda durmaga-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edýärdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Шонда ол ере шейле бир көп адам үйшди велин, хатда гапының агзында дурмага-да ер ёкды. Иса олара Худайың Хош Хабарыны вагыз эдйәрди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 2:2
20 Iomraidhean Croise  

Olar: «Ol ölüm howply bela uçrady, ine, ýatyr, indi galmaz» diýýärler.


Isa hem olara öwretmäge başlady:


Ýahýa tussag edilenden soňra, Isa Jelilä gelip, Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etdi.


Şäheriň ähli halky gapynyň agzyna ýygnanyşypdy.


Ony tapanlarynda: «Hemmeler Seni gözläp ýör» diýdiler.


Emma ol adam gidip, bolan zatlary ýetişibildigine gürrüň bermäge we ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin Isa indi hiç bir şähere arkaýyn girip bilmän, olardan daşda, çola ýerlerde bolýardy. Emma hemme ýerden Onuň ýanyna adamlar gelýärdiler.


Isa birnäçe günden soň Kapernauma gaýdyp gelende, Onuň öýdedigi baradaky habar ýaýrady.


Isa ýene kölüň ýakasyna gitdi. Tutuş halaýyk Onuň ýanyna geldi, Ol hem olara öwretmäge başlady.


Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady.


Şol wagt müňlerçe adam üýşüp, biri-birlerine gysylyşyp durdular. Isa ilki bilen Öz şägirtlerine gürrüň bermäge başlady: «Özüňizi fariseýleriň hamyrmaýasyndan, ýagny ikiýüzlülikden goraň.


Bir gün Isa halka öwredip otyrka, Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudyýadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen Töwrat mugallymlary-da şol ýerdediler. Isa Rebbiň gudraty arkaly hassalara şypa berýärdi.


Bu wakadan soňra Isa şäherleri we obalary aýlanyp, Hudaýyň Şalygy baradaky Hoş Habary wagyz etmäge başlady. On iki şägirdi hem Onuň ýanyndady.


Tymsalyň manysy şeýle: tohum Hudaýyň sözüdir.


Stefan öldürilenden soň başlanan yzarlanmalar zerarly imanlylar Finikiýa, Kipre we Antiýoha çenli dargadylar. Olar Hoş Habary ýahudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler.


Perga şäherinde Isa hakynda wagyz edenlerinden soň, Attaliýa gitdiler.


Mukaddes Ruh tarapyndan Rebbiň sözüni Aziýa welaýatyna wagyz etmeklik bökdelensoň, Pawlus dagy Frikiýa we Galatýa ülkesinden geçdiler.


Petrus bilen Ýohanna şaýatlyk edip, Rebbiň Hoş Habaryny wagyz etdiler. Soňra olar Samariýanyň köp obasynda Hoş Habary yglan edip, Iýerusalime dolanyp geldiler.


Şeýle-de, imandan bolan dogrulyk: «Bu söz saňa ýakyndyr, ol seniň agzyňda we ýüregiňdedir» diýýär. Bu söz bolsa biziň wagyz edýän imanymyz hakdaky habardyr.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan