Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 2:16 - Mukaddes Kitap

16 Fariseýler bolan Töwrat mugallymlary Isanyň günäkärler hem salgytçylar bilen nahar iýip oturanyny görenlerinde, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin Ol salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Фарисейлер болан Төврат мугаллымлары Исаның гүнәкәрлер хем салгытчылар билен нахар ийип отураныны гөренлеринде, Онуң шәгиртлеринден: «Нәме үчин Ол салгытчылардыр гүнәкәрлер билен биле нахар иййәр?» дийип сорадылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 2:16
14 Iomraidhean Croise  

Olar: «Daşda dur, ýakynlaşma, men Senden mukaddesdirin» diýýärler. Olar burnuma tüssedir, günuzyn ýanýan otdurlar.


Olara-da gulak asmak islemese, onda ýygnaga aýt. Oňa-da gulak asmak islemese, goý, ol seniň üçin bir butparaz ýa-da salgytçy ýaly bolsun.


Siz özüňizi söýýänleri söýýän bolsaňyz, onda näme sylag alarsyňyz? Salgyt ýygnaýanlar-da şeýle etmeýärmi näme?


Fariseýler muny görüp, Onuň şägirtlerinden: «Näme üçin siziň Mugallymyňyz salgytçylardyr günäkärler bilen bile nahar iýýär?» diýip soradylar.


Ençeme salgytçylardyr günäkärler-de Isanyň yzyna eýerýärdiler. Bir gün Isa Lewiniň öýünde saçak başynda otyrka, olar hem gelip, Isa we Onuň şägirtleri bilen bile iýip-içdiler.


Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin.


Ynsan Ogly ýitenleri agtarmaga we halas etmäge gelendir» diýdi.


Halk muny görüp: «Bir günäkäriň öýüne myhman boldy» diýşip, hüňürdemäge başlady.


Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Onuň şägirtlerine: «Näme üçin salgytçylardyr günäkärler bilen bile iýip-içýärsiňiz?» diýip hüňürdeşdiler.


Şeýlelikde, uly galmagal turdy. Fariseýleriň tarapyny tutýan käbir Töwrat mugallymlary ýerinden turup, uly dawa turuzdylar. Olar: «Biz bu adamda hiç hili aýyp tapmadyk. Onuň bilen bir ruh ýa perişde gepleşen bolsa näbilýäňiz?» diýdiler.


Mukaddes Ruha eýerýän adam hemme zada baha berip bilýär, emma başgalar bu adama baha bererden ejizdir.


Siz aryp, ruhdan düşmez ýaly, Isa hakda pikir ediň. Ol günäliler tarapyndan köp ezýet çekip, hemmesine çydady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan