Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 2:12 - Mukaddes Kitap

12 Ol hem ýerinden turdy-da, dessine düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Hemmeler haýran galdy. Olar: «Biz beýle zady asla görmändik» diýşip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Ол хем еринден турды-да, дессине дүшегини алып, хеммелериң гөзүниң алнында чыкып гитди. Хеммелер хайран галды. Олар: «Биз бейле зады асла гөрмәндик» дийшип, Худайы шөхратландырдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 2:12
13 Iomraidhean Croise  

Tutuş halk haýran galyp: «Bu Dawudyň ogly dälmikä?» diýişdi.


Halk lallaryň gepleýändigini, maýyplaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ylgaýandygyny görüp haýran galdy. Olar Ysraýyl Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Arwah-jyn kowlandan soň, lal adam geplemäge başlady. Halk muňa haýran galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýişdi.


Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Hemmeler haýran galyp, biri-birlerine: «Bu näme boldugy? Bu bir täze taglymat! Ol arwah-jynlara erk-ygtyýar bilen buýruk berýär, olar-da Oňa tabyn bolýarlar!» diýişdiler.


«Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi.


Onsoň Isa ellerini aýalyň üstünde goýdy welin, ol şobada dikelip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başlady.


Olaryň biri sagalanyny görüp, gaty ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp, yzyna öwrüldi.


Ähli adamlar haýran galyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Olary gorky gaplap aldy, olar: «Bu gün şeýle bir geň zatlar gördük» diýişdiler.


Hemmeleri gorky basdy. Olar: «Aramyzda beýik bir pygamber peýda boldy!», «Hudaý Öz halkyna nazar saldy» diýip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Barybir mähelläniň köpüsi Oňa iman edip: «Mesih gelende, şunuňkydan köp gudratly alamat görkezermi?» diýşip pyşyrdaşdy.


Dogabitdi körüň gözüniň açylmagy henize çenli görlüp-eşidilen zat däl.


Mejlis agzalary olara iň soňky duýduryş berenden soň, olary boşadyp goýberdiler. Olary jezalandyrmak üçin hiç hili bahana tapyp bilmediler, sebäbi bolan wakany ähli halk bilip, Hudaýy şöhratlandyrýardy.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan