Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 2:1 - Mukaddes Kitap

1 Isa birnäçe günden soň Kapernauma gaýdyp gelende, Onuň öýdedigi baradaky habar ýaýrady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Иса бирнәче гүнден соң Капернаума гайдып геленде, Онуң өйдедиги барадакы хабар яйрады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 2:1
13 Iomraidhean Croise  

Ol ilki Nasyra şäherine geldi, emma ol ýerde uzak eglenmän, Zebulun bilen Naftaly welaýatyndaky Jelile kölüniň kenarynda ýerleşýän Kapernaumda ornaşdy.


Onsoň Isa gaýyga mündi-de, beýleki kenara geçip, Öz şäherine geldi.


Emma ol adam gidip, bolan zatlary ýetişibildigine gürrüň bermäge we ýaýratmaga başlady. Şonuň üçin Isa indi hiç bir şähere arkaýyn girip bilmän, olardan daşda, çola ýerlerde bolýardy. Emma hemme ýerden Onuň ýanyna adamlar gelýärdiler.


Şonda ol ýere şeýle bir köp adam üýşdi welin, hatda gapynyň agzynda durmaga-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edýärdi.


Soňra Isa bir öýe bardy. Ol ýerde hem hemişekiler ýaly, ýene-de uly mähelle ýygnanansoň, Isanyň şägirtleri bilen nahar iýmäge-de wagtlary bolmady.


Ol mähelläniň ýanyndan aýrylyp, öýe girende, şägirtleri Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar.


Isa ol ýerden çykyp, Sur şäheriniň töweregine gitdi. Ol bir öýe bardy we hiç kimiň bu barada bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi.


Isa öýe girenden soň, şägirtleri özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin arwah-jyny çykaryp bilmedik?» diýip soradylar.


Isa olara: «Siziň Maňa: „Eý, lukman, ilki özüňe şypa ber!“ diýen nakyly aýtjakdygyňyzy bilip durun. Siz: „Kapernaumda eden işleriňi eşitdik. Olary şu ýerde, Öz ýurduňda-da berjaý et-dä“ diýersiňiz» diýdi.


Şol wagt birnäçe adam bir ysmazy düşegi bilen göterip getirdi. Olar ony jaýyň içine salyp, Isanyň öňünde ýatyrjak boldular.


Bu adam Isanyň Ýahudyýadan Jelilä gelenini eşidip, Onuň ýanyna bardy. Ol gelip, ölüm ýassygynda ýatan ogluny sagaltmagyny sorap, Isa ýalbardy.


Bu galmagally sese uly mähelle ýygnandy. Olar öz ene dillerindäki gürrüňleri eşidip, aljyradylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan