Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Mark 16:9 - Mukaddes Kitap

9 Isa hepdäniň birinji güni ir bilen direldi. Ol ilki bilen magdalaly Merýeme göründi. Isa onuň içinden ýedi arwah-jyny kowup çykarypdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Иса хепдәниң биринҗи гүни ир билен дирелди. Ол илки билен магдалалы Меръеме гөрүнди. Иса онуң ичинден еди арвах-җыны ковуп чыкарыпды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Mark 16:9
12 Iomraidhean Croise  

Onsoň Nagaman patyşanyň ýanyna gidip, oňa ysraýylly gyzjagazyň aýdan zatlaryny gürrüň berdi.


Olaryň arasynda magdalaly Merýem, Ýakup bilen Ýosäniň ejesi Merýem bardy, şeýle-de Zebedeýiň ogullarynyň ejesi hem bardy.


Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady.


Magdalaly Merýem bilen Ýosäniň ejesi Merýem Isanyň nirede jaýlanandygyny gördüler.


Aýallar mazardan çykyp gaçdylar. Olary sandyrama hem aljyraňňylyk gaplap alypdy. Olar gorkularyndan ýaňa hiç kime hiç zat aýtmadylar.


Resullara bu habary ýetirenler magdalaly Merýem, Ýowanna, Ýakubyň ejesi Merýem we olaryň ýanyndaky beýleki aýallardy.


Şeýle hem, erbet ruhlardan we kesellerden halas bolan birnäçe aýallar, içinden ýedi arwah-jyn çykan magdalaly Merýem hem-de Hirodyň öýüni dolandyrýan Huzanyň aýaly Ýowanna, Suzanna, başga-da birtopar aýallar Isanyň ýanyndady. Bu aýallar öz emläkleri bilen olara kömek edýärdiler.


ak eşikli iki sany perişdä gözi düşdi. Olaryň biri Isanyň jesediniň ýatan ýeriniň başujunda, beýlekisi-de aýagujunda otyrdy.


Hepdäniň birinji güni bile çörek iýmäge ýygnanyşdyk. Pawlus ertesi gün ýola düşmekçidi, şonuň üçin ýarygijä çenli wagyz etdi.


Men ýanyňyza baranymda ýygnama zerurlygy bolmaz ýaly, heriňiz her hepdäniň birinji güni öz ýagdaýyna görä belli mukdarda pul süýşürip, ýanynda saklasyn.


Rebbiň gününde Oňa sežde edýärkäm, meniň üstüme Mukaddes Ruh indi. Onsoň men ýeňse tarapymda surnaýyňky ýaly güýçli bir ses eşitdim. Ol ses:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan